HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Bilim ministrligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy barlaglar babatda sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň hukuk çäklerini döredýän Ylalaşygyň taslamasy 2018-nji ýylyň awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen bäşinji Hazar sammitinde döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Hazarda alnyp barylýan ähli ykdysady işler ylma berk esaslanmalydyr, bolup geçýän tebigy we antropogen hadysalara, seljerme hem-de çaklamak ulgamyna bitewi çemeleşilmegine esaslanmalydyr.

Geçen ýyl döwlet Baştutanymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş edip, bu wajyp meselä täzeden ünsi çekdi. Şonda milli Liderimiz ylma, aň-paýhasa daýanmagyň bäsdeşlige ukyply we geljegi uly gatnaşyjy hökmünde Hazaryň ykdysady ösüşiniň hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň üstünlige eýe bolmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny hem-de biologik köpdürlüligini gorap saklamak işinde ylmy-barlaglara aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz deňziň baý tebigy serişdelerini gorap saklamaga we oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen tebigaty goramak boýunça çäreleriň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasyny döretmek barada aýdyp, bu maksatnamanyň Hazarda ekologiýa ýagdaýyny seljermek wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlaryň Hökümetlerine degişli maslahatlary berip biljekdigini belledi.

Hazar ykdysady forumynyň ýörite mejlisi deňiz ylmy-barlaglary babatda sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerine bagyşlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol barlaglarda Hazar deňziniň özboluşlylygy hakynda binýatlyk bilimleri çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri görýär.

Oňa gatnaşyjylar Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň we oňa teswirnamalaryň gidrometeorologiýa, Hazaryň biologik serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak barada Hökümetara ylalaşyklaryň, beýleki resminamalaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, maglumatlary ýygnamak, dolandyrmak we alyşmak, seljermäniň umumy ulgamyny döretmek boýunça sebitiň kuwwatyny berkitmegiň möhümdigi bellenildi.

Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyna halkara şertnamalaryň esasy düzgünlerini goşmak Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň şu günki maslahatynyň esasy meseleleriniň biri boldy. Düýpli, gyzyklanma bilen geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde, taraplaryň her biri ähli seredilýän meseleler boýunça garaýyşlary ylalaşmaga gönükdirilen teklipleri beýan etdi.

Şunda bellenilişi ýaly, akademiki toparlaryň, esasy ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar Hazarýaka ýurtlaryň köpugurly gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Kabul edilen täze ylalaşyk deňiz gurşawyny hojalyk taýdan özleşdirmek, dünýäniň täsin tebigy merjeniniň ekologik taýdan ygtybarly goralmagyny üpjün etmek işinde möhüm wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolar.

Daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Hazar deňzinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, peýdaly gatnaşyklary dowam etmekde bir pikire geldiler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=13894