ÝAPONIÝANYŇ KOBE SÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRELER GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýaponiýanyň Kobe şäheriniň Işewürler merkezinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata Kobe şäher häkimliginiň işgärleri, işewürleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, belli kompaniýalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary we Osaka şäheriniň ylym-bilim, syýahatçylyk guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Ilçisi G.Elýasow, “Kawasaki Heavy Ind.” kompaniýasynyň Prezidenti T.Watanabe, Tokio uniwersitetiniň professory T.Okada we başga-da birnäçe professor-mugallymlar çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini, onuň bütin dünýäde we adamzat jemgyýetine ýetirýän täsiri barada maslahata gatnaşyjylara gürrüň berdiler.

Soňra Işewürler merkezinde Ýaponiýanyň orta we kiçi kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän orny, daşary söwdа amallaryny ösdürmek boýunça bar bolan mümkinçilikler, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, oba hojalygyny döwrebap tilsimatlary we usullary ulanmak arkaly ösdürmek barada gürrüň edildi.

https://neutrality.gov.tm/news/31/