TÜRKMENISTAN ÖZ RAÝATLARYNY BEÝLEKI ÝURTLARDAN GETIRMEK BOÝUNÇA IŞJEŇ IŞLERI DOWAM EDÝÄR

photo

Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dörän dartgynly ýagdaý bilen baglylykda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan ýurdumyza gaýdyp gelmegini guramak boýunça işleri dowam edýär. Türkmenistan 2019-njy ýylyň dekabrynda täze ýokanç kesel tiz ýaýrap ugran Hytaýdan öz raýatlaryny getirmegi guran ýurtlaryň ilkinjileriniň biri boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen «Türkmenhowaýollary» Agentligi Hytaýa ýörite çarter uçar gatnawlaryny gurap, türkmenistanlylaryň müňlerçesini Watanymyza getirdi. Olaryň aglaba bölegi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplardy. Olary dolulygyna döwletiň hasabyna getirmek guraldy.

Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» Agentligi beýleki ugurlar boýunça ýörite uçar gatnawlary gurady, bu iş şu güne çenli dowam etdirilýär – Türkmenistanyň raýatlaryndan ýüz tutmalaryň gelşine görä, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary uçar ugurlaryny düzüp, olaryň uçýan wagtyny kesgitleýärler.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14088