TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

photo

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri amala aşyrmak ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Güneşli Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem köp işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, KARAR EDÝÄRIN:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob Geb.Şraýnere, Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Ýožef Gýula Nýeke.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14190