BRAZILIÝANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN LIDERINE MÄHIRLI GUTLAGYNY IBERDI

photo

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Jenap Prezident, Size Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Beýik Biribar Siziň we Türkmenistanyň dostlukly halkynyň ýoluna nur çaýsyn!

Şu ýyl Oraza bütin dünýä üçin aýratyn çylşyrymly döwürde geçýär. Orazanyň raýdaşlyk, adamkärçilik we pikirleriň arassalygy ýaly ýörelgeleri hem-de agzybirlige we ähli zatlary bagyşlamaga çagyryşy biziň ählimize häzirki ählumumy kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýär.

Siziň Alyhezretiňiz, Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna berk jan saglyk we üstünlik baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy kabul ediň!

Žair BOLSONARU,
Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14212