ÝEŇŞIŇ 75 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ WETERANLARYNY HEM-DE URUŞ ÝYLLARYNDA TYLDA ZÄHMET ÇEKEN WETERANLARY DABARALY SYLAGLAMAK ÇÄRELERI GURALAR

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamagy üpjün etmäge borçly edildi.