TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI HYTAÝYŇ PARAHATÇYLYK GAZNASYNYŇ SANLY ARAGATNAŞYK ARKALY GURAN FORUMYNA GATNAŞDYLAR

18-nji maýda Hytaýyň Parahatçylyk gaznasy Pekiniň halkara medeniýet we parahatçylyk halkara gaznasy, Pekiniň daşary ýurtlar bilen dostluk assosiasiýasy we Şaraf adyndaky Durnukly ösüş gaznasy bilen bilelikde onlaýn-maslahat geçirdi, onuň barşynda sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň işine Müsüriň ozalky premýer-ministri Essam Şaraf, HHR-da ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, halkara bilermenleri, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň halkara alyşmalarynyň Pekin merkeziniň baş sekretary, şeýle hem alymlar we edebiýatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, Hytaýyň dürli pudaklaýyn edaralarynyň, telekeçilik birleşmeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn-forum COVID-19 pandemiýasy şertlerinde hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine, şeýle hem Hytaýyň dünýäniň dürli sebitleri, hususan-da, Afrika, Aziýa we Latyn Amerikasy ýurltary bilen ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlandy. Guşak we Ýol başlangyjynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň biri boldy.

Forumy Hytaýyň Parahatçylyk gaznasynyň prezidenti Li Ruohong açdy, ol COVID-19 pandemiýasy şertlerinde jemgyýetçilik saglygyny goraýyş we durmuş howpsuzlygy meselelerini çözmeklige tagallalary birleşdirip çemeleşmegiň ähmiýetini belledi.

«Biz parahatçylygy we howpsuzlygy saklap galmakda, epidemiýadan soňky döwürde ählumumy dolandyryş üçin täze ýollary gözlemekde erjel işlemelidiris» - diýip Li Ruohong aýtdy.

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň koronawirus pandemiýasy zerarly dörän hoply ýagdaýa garşy göreşmek boýunça garaýşy bilen tanyşdyrdy. Türkmen Lideriniň Goşulyşmazlyk hereketiniň sanly wideoaragtanaşygy arkaly ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, pandemiýa – munuň özi ählumumy howpdyr, şomuň üçinem hemmetaraplaýyn häsiýetli, uzak möhletleýin strategiýany talap edýär.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşanlaryň ünsi Türkmenistanyň Baştutanynyň öňe süren: döwletleriň raýdaşlyk hereketleri, özara goldawy, saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň sazlaşykly işi, ykdysady durnuklylyk üçin binýat döredilmegi we ynsanperwer meseleleriň çözülmegi ýaly ugurlaryna çekildi.

Duşuşygyň ynanyşmagyň we agzybirligiň möhümligi baradaky esasy mazmunyny goldap, ilçi Durdyýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşma ýyly diýlip yglan edilendigini belledi.

Diplomat çykyşynyň çäklerinde türkmen-hytaý döwletara ganaşyklarynyň özara hereketiň ähli ugurlary boýunça sazlaşykly oňyn häsýiýete eýedigini aýratyn belledi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan uly möçberli özgertmeler, döwlet Baştutanynyň öňe süren innowasion ösüş strategiýasy we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat konsepsiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Hytaý hökümetiniň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny durmuşa geçirmegiň ugurlaryna degip geçmek bilen, ilçi sebit boýunça goşulyşma meselelerinde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş edip: Hytaýyň - «Bir guşak, bir ýol» we Türkmenistanyň - «Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi» başlangyçlarynyň taryhy umumylyga esaslanýandygyny hem-de halklaryň abadançylygyna hyzmat etmäge niýetlenendigini belledi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14312