BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITI BOÝUNÇA EDARASYNYŇ WE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ONLAÝN-MASLAHATY

2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleri geçirildi.

Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy.  

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we RF-nyň BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen täze görnüşli koronawirus pandemiýasy zerarly sebitdäki we dünýädäki häzirki ýagdaýlary bilen bagly özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pandemiýa döwründe bilelikdäki utgaşykly işleriň wajyplygyny bellemek bilen, aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Şeýle hem web-gepleşikleriň dowamynda gatnaşyjylar milli hem-de sebitara derejesinde degişli lukmançylyk maglumatlaryna deň derejeli ygtyýarlygyň üpjün edilmeginiň, sebit ýurtlarynyň hünärmenleriniň arasynda bilermenlik ukyplaryny alyş-çalyş etmegiň zerurlygy dogrusynda nygtap geçdiler.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2027