TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Hökümet mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli ugrady.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge berýän uly ünsi netijesinde sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny wagyz etmek we ösdürmek, ilaty, esasan-da ýaşlary bedenterbiýe hereketine işjeň çekmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda munuň özi halkymyzyň saglygyny berkitmegiň we gorap saklamagyň has ähmiýetli şertleriniň biri bolup durýar.

Sport çäreleriniň amatly howa gurşawy, ýokary ekologiýa derejesi bilen utgaşdyrylmagynyň onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyna kömek edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, seýilgäh zolaklary we suw çüwdürimleri daşky tebigy gurşawuň derejesini has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi paýtagtymyzyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň döwrebap ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin zerur şertleriň üpjün edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Hökümet mejlisini açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň önümleri eksport edýän edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan walýuta serişdelerini düzgünleşdirmek barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatyny diňledi.

Bu ugurda geçirilen işleriň jemleri boýunça pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ätiýaçlyk goruň serişdelerini Merkezi bankda toplamak hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, döwletiň paýynyň gatnaşmagynda döredilen ähli edara görnüşli taraplaryň daşary ýurt pulundaky girdejilerini bu gora geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu toplumyň düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz häzirki şertlerde maliýe ulgamynda dolandyryşyň döwrebap usullaryny ulanmagyň, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we eksporta iberilen harytlaryň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hasabyna gelip gowşan serişdeleriniň ulanylyşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda» hödürlenen Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany elektron dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de öňde goýlan wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer işi ygtyýarlylandyrmagy guramagy kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ygtyýarlylandyrylan düzümleriň sanawyna, işleriň görnüşlerine we döwlet pajynyň möçberlerine gaýtadan seredildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň we bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde bu ulgamda kadalaşdyryş namalarynyň täzelenmeginiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ygtyýarlylandyrmagyň degişli talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýangyç-energetika toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda uglewodorod ýangyjynyň gaýtadan işlenen möçberini artdyrmak we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin dürli görnüşli serişdeleri satyn almak üçin Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Onuň esasy ugurlary döwletimiziň uzakmöhletleýin ykdysady syýasatyna kybap gelýär.

Pudagyň ähli kärhanalarynyň durnukly işini üpjün etmek maksady bilen degişli guramaçylyk çäreleri amala aşyrmak boýunça görkezme berildi.

Ilkinji nobatda, nebitgaz ýataklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, çig mal çykarylyşyny durnuklaşdyrýan häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hasabyna täze guýulary burawlamak meselelerine möhüm üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Kararyň taslamasyna gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri we galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň kärendeçileri gowaça ideg işlerini alyp barýarlar. Gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, ilkinji hatarara bejergisi, olary ýekelemek we otag işleri alnyp barylýar. Bu işleri degişli derejede geçirmek maksady bilen, etraplaryň, daýhan birleşikleriň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň zerur ähli oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar.

Ak ekinlere ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak möhüm bolup durýar. Orak möwsüminde galla kombaýnlarynyň we däne kabul edýän bölümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan hasyly meýdanlardan elewatorlara we ammarlara daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň ýeterlik derejesi bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görüldi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek, ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça tabşyrygyna laýyklykda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Lebap welaýatynda bolsa bu möwsüme taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň milli ykdysadyýetimiz, Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynlaşyp gelýän galla oragynda ýokary depgini üpjün etmek, babadaýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen hasyly doly ýygnap almak, häzirki zaman tehnikalarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak zerur bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça, ýeralma, sogana, gök we bakja ekinlerine edilýän ideg işleriniň hiliniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Diýarymyzda oba hojalygyny ösdürmek üçin zerur şertler bar. Pudagyň häzirki zaman düzümini döretmek, ony döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin dünýäniň bu ugurdaky öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegi hem-de işjeň ornaşdyrylmagy we häzirki zaman ylmynyň hem-de hususy telekeçiligiň mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagy zerurdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda geçiriljek medeni çärelere we «Ak şäherim Aşgabat» atly ХIХ köpugurly halkara sergisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Söwda-senagat edarasynyň guraýan halkara sergisinde paýtagtymyzyň ýeten derejesi, onuň ösüşiniň geljekki ugurlary öz beýanyny tapar hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlener.

Giň gerimli gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şähergurluşyk maksatnamasy, halk hojalyk toplumynyň paýtagtymyzyň senagat, medeni we aň-bilim mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň alyp barýan işi bilen tanyşmaga şert döreder.

Köpugurly sergi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň iň wajyplarynyň birine öwrüler. Bu şany sene we okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk konserti hem-de köpçülikleýin baýramçylyk dabarasy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen paýtagtynyň dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrülmegi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri doly açyp görkezýän däp bolan halkara sergisiniň ähmiýetini belläp, her ýyl geçirilýän gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sebitiň iri işewür we medeni merkezi hökmünde derejesi ykrar edilen Aşgabat şäheri sazlaşykly ösüş ugruny, gözelligiň hem-de amatlylygyň baglanyşygyny, binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütleriň öňdebaryjy gazananlaryny we milli binagärligiň gadymy ýörelgelerini özünde jemleýär.

Sanlyja ýyllaryň içinde paýtagtymyz köpsanly önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary, ylym-bilim merkezleriniň, sport toplumlarynyň, amatly belent ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň hasabyna öz çäklerini giňeltdi. Ak mermerli Aşgabat we onuň bezegine öwrülen binalarynyň köpüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde şäherde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan gurluşyk işlerinde säwliklere ýol berlip, olaryň hiline gözegçiligi gowşadandygy hem-de wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýere berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler, milli Liderimiziň aragatnaşyk pudagynyň, şol sanda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, poçta hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we ösdürmek bilen baglanyşykly çäreleri amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň «Aragatnaşyk hakynda» Kanunyna esaslanyp, ýerine ýetirilen hyzmatlara seljermeleri geçirdiler we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar hem-de bu ugurda degişli teklipleri taýýarladylar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy ýola goýmak üçin aragatnaşyk ulgamynda geljegi uly meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda anyk çäreleri görýändigini aýtdy. Iri taslamalary amala aşyryp, ýurdumyz ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanýar. Bu işde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna möhüm orun degişlidir.

Aragatnaşygyň bu görnüşiniň artykmaçlyklaryny nazara alyp, müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu düzümiň hyzmatlarynyň sanawyna diňe bir hatlary we döwürleýin neşir önümlerini hem-de beýleki serişdeleri ugratmak, dünýäniň dürli ýurtlaryna tizleşdirilen poçta hyzmatlaryny amala aşyrmak däl-de, eýsem, ähmiýetli maglumatlary yzygiderli täzelemegiň hasabyna meşhurlyga eýe bolýan elektron hyzmatlaryň häzirki zaman görnüşlerini işläp taýýarlamakdan ybaratdygyny belledi.

Aragatnaşyk ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna, iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 31-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Diýarymyzyň haly we dokma pudaklarynyň ýeten derejesine, hem-de söwda ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi-ýarmarkasy guralar. Şeýle-de türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň 20-nji mejlisi geçiriler. Oňa wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň,wekilleri gatnaşar hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ussat halyçylaryny hormatlamak dabarasy bolar hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän hem-de türkmen halyçylarynyň yhlasly zähmetine, zehinine goýulýan hormatyň nyşanyna öwrülen hünär baýramçylygynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Ussat zenanlaryň hünärli gollarynyň döreden halylarynyň ajaýyp sungat hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolandygyny bellemek ýakymlydyr .

Gadymy döwürlerden bäri, köp asyrlaryň dowamynda bu çylşyrymly zähmeti talap edýän nepis hünär nesilden-nesile geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Milli Liderimiz nepisligi, gözelligi we kämilligi bilen haýran galdyrýan türkmen el halylarynyň bu gün dünýä şöhratyna eýe bolup, tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygyna öwrülendigini belledi.

Halyçylyk sungaty milli buýsanjymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz biziň esasy wezipämiziň ene-mamalarymyzyň bu inçe sungatyny aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdygyny aýdyp, sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere baýramçylyk mynasybetli ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we halyçylygyň gadymy milli däplerini saklamak we has-da baýlaşdyrmak işine uly goşant goşan pudagyň ussat halyçylarynyň hormatyna dabaralary guramak tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini we ýeten derejesini halkara bileleşigine tanyşdyrmaga hem-de milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen birlikde, öňde boljak baýramçylyklara we şanly senelere taýýarlyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamyň düzümleriniň işini häzirkizaman içgin öwrenilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen ähli medeni-köpçülikleýin çäreleriň taýýarlygyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän makalalary çap etmekde we gepleşikleri ýaýlymlara bermekde kemçiliklere ýol berendigi üçin döwlet Baştutanymyz wise-premýere berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bu baýramyň çagalar üçin ýatda galyjy wakalara beslenmegi üçin şol gün Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde aýdym-sazly çykyşlary we çagalaryň köpçülikleýin baýramçylyk ýörişini gurar. Çykyşlar dürli bäsleşikler, ertekileriň gahrymanlarynyň oýunlary, sport bäsleşikleri oýun meýdançalaryndaky dürli çäreler bilen utgaşdyrylar.

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilýär. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn bilimli, ruhy taýdan baý, berk bedenli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary kemala getirmek hakynda edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemegiň häzirki döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň biridigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň çagalaryň doly derejeli hem-de sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini we olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy jemgyýetiň hem-de döwletimiziň esasy aladasy hökmünde yglan edendigini belläp, öňde boljak baýramçylyk mynasybetli ähli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi hem-de şolaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararyň taslamasyny makullap we resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabaty diňlenildi.

Habar berlişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň barşynda bu mejlisiň resminamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen СOVID-19 koronawirus keseliniň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler baradaky maglumatyň ýaýradylandygy barada habar berdi.

Bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde neşir edildi hem-de BMG-niň agza döwletleriniň arasynda ýaýradyldy. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň netijeli çözgütlerini işläp taýýarlamak, ählumumy wehimlere we howplara garşy durmak boýunça umumy tagallalara goşýan goşandynyň nobatdaky subutnamasy, Watanymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň tassyknamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň halkara bileleşigine jogapkär gatnaşyjy hökmünde pandemiýa howpunyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, ozaly bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn gatnaşykda iş alyp barýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýdan ugur alyp, durmuşa geçirýän çäreleri BSGG-niň täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy durmak maksady bilen işlenip taýýarlanylan maslahatlaryna doly derejede laýyk gelýär.

Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça toplan tejribesini paýlaşmaga hemişe taýýardyr diýip, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna BMG hem-de onuň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny taýýarlamak işleri barada hasabat berdi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzda hil taýdan täze, halkara ölçeglerine kybap gelýän saglygy goraýyş ulgamy döredildi, ilatyň saglygyna howp salýan wehimlere garşy ygtybarly binýat kemala getirildi. Şonuň bilen birlikde Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli kesellere, şol sanda howply ýokanç kesellerine garşy göreşmek maksady bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde umumy tagallalary birleşdirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy, şeýle hem BMG ÖM-niň, ÝUNISEF-niň, Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki düzümleriň wekilhanalary bilen bilelikde ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň derejesinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Türkmenistana koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň öňüni almak, onuň ýaýramagyna garşy göreşmek, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, pandemiýa döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerini degişli derejede saklamak onuň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenildi.

Meýilnama laýyklykda, BSGG we beýleki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň tertibi we gurallary kesgitlenilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ýokanç kesellere garşy göreş boýunça maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy hem öz içine alýan birnäçe ugurlar boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek, ýörite enjamlary we serişdeleri yzygiderli täzelemek, öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu Meýilnama şeýle hem lukmançylyk işgärleriniň taýýarlygynyň hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmegine, lukmanlaryň ugurdaş hünärleri boýunça işleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Mundan başga-da, bu resminamada halkara tejribesiniň esasynda hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryndan ugur almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy-usuly we kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meýilnamany amala aşyrmak boýunça ugurlaryň biridir. Halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen bilelikde öňdebaryjy tehnologiýalary iş tejribesine giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alnyp, milli saglygy goraýyş ulgamynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilmegine ilkinji derejeli üns berilýär. Ýurdumyzyň lukmançylygynyň ýokary halkara ölçegleriniň derejesine çykarylmagyna gönükdirilen “Saglyk” döwlet maksatnamasyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Abraýly halkara guramalary, ozaly bilen bolsa BMG hem-de onuň BMGÖM, BSGG, ÝUNISEF we beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk bu Maksatnamanyň aýrylmaz bölekleriniň biri bolup durýar.

Amala aşyrylan bilelikdäki, ägirt uly ähmiýete eýe bolan birnäçe taslamalar netijeli köpýyllyk hyzmatdaşlygyň miwesidir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarda Türkmenistanyň eýeleýän işjeň orny, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri hem-de ýeten sepgitleri halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem halkymyzyň saglygyny gorap saklamak we berkitmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtap, Karara gol çekdi hem-de Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň GDA-nyň işlerine assosirlenen agza hökmünde gatnaşmak bilen, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň goldaw bermeginde soňky ýyllarda ýurdumyz GDA-nyň howandarlygynda örän möhüm çäreleriň we forumlaryň ençemesiniň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Arkalaşyga başlyklyk eden 2019-njy ýylda GDA-nyň döwlet, hökümet ýolbaşçylarynyň, daşary işler ministrleriniň, Ykdysady geňeşiniň, şeýle hem pudaklaryň düzümleriniň ugry boýunça ýurdumyzda geçirilen mejlisleriň netijelerinden ugur alnyp degişli işler dowam etdirilýär.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 29-njy maýynda GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk we hyzmatdaşlygyň ykdysady, ulag, medeni, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlary boýunça birnäçe meselelere garamak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi. Jarnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanmak bilen, häzirki wagtda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça jemleýji işler geçirilýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 2017-nji ýylda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitinde öňe süren oňyn başlangyçlary esasynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek hem-de degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça netijeli bilelikdäki işleri geçirildi, bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Biziň ýurdumyz şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde sport oýunlaryny yzygiderli geçirmek boýunça, olaryň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende götermek ugrunda GDA-nyň alyp barýan çärelerine işjeň gatnaşýar. Şulardan ugur alnyp, GDA-nyň döwletleri tarapyndan bedenterbiýe we sport ulgamynda geljekki on ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän Strategiýanyň taslamasy işlenip düzüldi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde garaljak resminamalaryň taslamalaryny gutarnykly ylalaşmak we beýleki guramaçylyk meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, 27-nji maýda göni wideoaragatnaşyk arkaly GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Iş duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň dürli ulgamlarda uly mümkinçiliklere eýe bolan däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.

Türkmen tarapynyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy has giň geografiki we ykdysady derejä çykarmak, geljegi uly köptaraplaýyn taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa pudagynda we beýleki ulgamlarda amala aşyrmak, ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmek boýunça teklipleri hem şu maksatlara gönükdirilendir.

Türkmenistan şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy durmak, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ýaly möhüm ugurlarda umumy tagallalary geljekde hem birleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlisine taýýarlygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Häzir birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we umumylaşdyrmak boýunça iş toparynyň mejlisleri yzygiderli tertipde alnyp barylýar.

Şu ýylda ýurdumyzyň Mejlisi syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty gurady. Onuň dowamynda milli parlamenti hil taýdan täze derejä—iki palataly ulgama geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň çäklerinde Mejlisiň meýilnamalaýyn işleri alyp barmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, deputatlar ýerlerde alnyp barylýan işlere, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän hem-de milletimiziň gadymy demokratik ýörelgelerine gabat gelýän hem-de täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýän konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini ilatyň arasynda wagyz etmek işlerine möhüm üns bermelidirler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini we mundan beýläk-de ýurdumyzyň parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolan goranyş ukybyny pugtalandyrmak üçin alada etjekdigini belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ýörite tehnikalar bilen enjamlaşdyrmak we serkerdeleriň hem-de esgerleriň üstünlikli gullugy, ýokary derejeli ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Milli Liderimiz serkerdeleriň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de amaly, jemgyýetçilik-syýasy we beden taýdan taýýarlygyna, ýaş esgerleriň watansöýüjilik hem-de türkmen halkynyň iň gowy şöhratly däpleri esasynda terbiýelenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanda ykdysady taýdan durnukly ösüşi saklamak üçin toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň wajypdygy barada aýdyp, pudaklaryň köpugurly esasda ösdürilmegini, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümleriniň sanawynyň we eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän guralyň kämilleşdirilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki şertlerde ulag pudagynyň durnukly ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini belläp, logistika ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de olaryň bellenen möhletinde tamamlanmagy ýakyn geljek üçin möhüm wezipe bolup durýar. Şunlukda, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli we halkara ähmiýetli baýramçylyklara taýýarlyk meseleleri barada aýdyp, olary degişli derejede guramak barada anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz ýekşenbe güni, 24-nji maýda mukaddes Oraza baýramynyň giňden belleniljekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan halkymyzyň Oraza aýyna aýratyn gadyr goýýandygyny belledi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň Oraza aýynda hem agzaçar sadakalary berlip, Watanymyzyň abadançylygy we rowaçlygy üçin doga-dilegler edilýär. Munuň özi jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygynyň, milletimiziň ahlak kämilliginiň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň binýadyny has-da pugtalandyrýar. Nesillerimizi watançylyk hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz belent ruhy-ahlak hem-de ynsanperwer däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we tutuş halkymyzy mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we bagtly durmuş arzuw etdi.

--Goý, mukaddes Oraza aýynda beren agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz Watanymyzyň rowaçlygy üçin eden doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!- diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl mukaddes Oraza baýramynyň dynç gününe gabat gelýändigini belläp, milli kanunçylygymyza laýyklykda, 24-nji maýdaky dynç gününi 25-nji maýa – duşenbe gününe geçirmek baradaky degişli Permana gol çekdi.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň hem dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy. Munuň özi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin buýsandyryjy wakadyr.

Häzirki döwürde paýtagtymyz gülläp ösýän, dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda şäheri bezeýän ak mermerli binalaryň ençemesi guruldy. Gözel paýtagtymyzyň çägi hem barha giňelýär. Aşgabat halkara derejesindäki syýasy we işewürlik merkezine öwrüldi.

«Biz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň gözel paýtagtyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge geljekde hem uly üns bereris» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz hemmeleri Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýerlere, paýtagtymyzyň ilatyna mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň binasyndan çykyp, welosipedli “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14325