TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda onlaýn görnüşinde gepleşikler geçirildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatynda ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyldy.

Kärdeşler iki ýurduň daşary ykdysady edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de sebitleýin we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine bolan garaýyşlaryň birmeňzeşligini nygtap geçdiler. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda hem BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy.

Dünýädäki pandemiýa ýagdaýy barada gürrüň edip, diplomatlar iki ýurduň ylmy merkezleriniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň ulanylmagynyň zerurlygy barada aýtdylar.

Ministrler, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň işiniň ähmiýetini nygtap, onuň nobatdaky mejlisini geçirmekligiň seneleri barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň oňyn ösüşiniň saklanmagy bilen bagly meselelere garaldy.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ylym, bilim ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň aýratyn ähmiýetlidigi bellenildi.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2102