HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi.

Halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza, aýratyn hem ýaşlara sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesine eýermekde şahsy görelde görkezýär. Ine, şu gün hem milli Liderimiz sport bilen meşgullanmaga wagt tapyp, ýene bir gezek ajaýyp beden taýýarlygyny görkezdi.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp gözel künjege geldi. Sabanyň sergin çagynda dag etekleriniň tämiz howasy ynsana ýaramly täsir edýär, güýjüňe güýç goşýar, döredijiligiňi joşdurýar. Türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjeginiň, daglaryň we dereleriň gözelligi, aýratyn howa gurşawy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramaga uly üns berýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär, onuň işjeňligini ýokarlandyrýar, beden taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar, olar onuň artykmaçlygyna ýokary baha berýärler. Sportuň bu görnüşiniň ýaşlaryň sazlaşykly ösmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini bellemek ýerliklidir.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigat diňe bir tenekarlygy bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň ruhunyň belende galmagyna oňyn täsir edýär. Tebigat adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetlidigini durmuş tejribesi görkezdi.

Halkymyzyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň ählisiniň özenini düzýär, döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada bu syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamyň mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Munuň üçin Türkmenistanda iň gowy şertler döredildi — degişli düzümler ösdürilýär, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak asylly däbe öwrüldi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip esaslandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň tassyknamasydyr. Munuň özi adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyna halkara derejede ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Sport we bedenterbiýe sagdynlygyň hem-de güýç-kuwwatyň çeşmesidir. Sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolan welosiped sporty bolsa ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilen şu ýylda bolsa Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk beren «Welosiped» binasy açyldy.

Milli Liderimiz şu binanyň açylyş dabarasynda bu taryhy wakanyň häzirki we geljekki nesillerimizde şatlykly duýgulary hem-de unudylmajak täsirleri galdyryp, ilatymyzda bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak endiklerini ösdürmek, saglygy we ruhubelentligi berkitmek ugrunda Garaşsyz Watanymyzyň geljegine gönükdirilen işdigini belledi.

Türkmenistan ekologiýa babatda halkara resminamalara işjeň goşulyp, daşky gurşawy gorap saklamak we sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça hem netijeli işleri durmuşa geçirýär.

Alnyp barylýan bu işler sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar, Garaşsyz Watanymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Ak mermerli paýtagtymyzyň bu künjeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň heýkeli oturdyldy. Bedewiň okgunly hereketi ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünlikleriniň özboluşly beýanyna öwrülip, halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýän gymmatlyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp, ulalmagy üçin arassa daşky gurşawy döretmekden, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen giňden meşgullanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işlerde bolsa welosiped sportuna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli.

Şunda ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek we beden taýdan saglygyny berkitmek babatynda dogry iýmitlenmegiň ähmiýetini bellemek gerek. Çünki dogry iýmitlenmek yzygiderli sport maşklary bilen utgaşdyrylanda, saglygyň girewi bolup çykyş edýär. Şonuň ýaly-da, bellenilen kadalara eýermegiň ähmiýeti uludyr.

Milli Liderimiz ýaşlaryň beden taýdan işjeňligini goldamaga, türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmäge hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň uly ähmiýetini belleýär. Şunda döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň beden saglygyna hem-de ruhubelentlige oňaýly täsir edýändigini, tutanýerliligi kemala getirýändigini öz şahsy göreldesi bilen görkezýär.

Türkmenistanda bedenterbiýäni hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elmydama üns merkezinde durýar.

Diýarymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalarynyň sany ýyl-ýyldan artýar, şu ugurdaky häzirki zaman düzümleri kemala getirilýär.

Bu gün türkmenistanlylar asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” diýen parasatly nakyldan ugur alyp, işjeň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýärler, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýarlar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14641