TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION TOPARYNYŇ KARARY

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek, demokratiýany we halk häkimiýetliligini has-da ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek arkaly halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan taryhy işleriň çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň esasynda döredilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň (mundan beýläk — Konstitusion topar) alyp baran işleriniň hem-de ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde taýýarlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny umumylykda makullamak we onuň kabul edilmegini üpjün etmek maksady bilen, Konstitusion topar karar edýär:

1. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça işleri umumylykda tamamlanan diýip hasap etmeli.

2. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy boýunça ýurduň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen ara alyp maslahatlaşmalary geçirmeli.

3. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemeli.

4. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan makullanan halatynda bu Konstitusion kanunyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Konstitusion toparyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14706