TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda täze, 2020- 2021-nji okuw ýylyna taýýarlyk, sebitleri we paýtagtymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wideoaragatnaşyga, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de köp sanly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylygyny we arassaçylygyny üpjün etmek, bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek, Aşgabadyň şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, adamlaryň has oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin şertleri döretmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şonuň ýaly-da, şäheriň häkimine Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ulanylmaga berilmeli bilim edaralarynyň dabarasyny ýokary derejede guramagyň zerurdygy barada tabşyryk berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga bir wagtda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy.

Häkim täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi, şonuň çäklerinde ähli mekdeplerde abatlaýyş işleri geçirildi hem-de ýerlerde mekdep bazarlary işleýär.

Welaýatyň häkimi sebitde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, bugdaý ekişine girişmek we pagta ýygymyna başlamak boýunça çärelere taýýarlyk görmek, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi, welaýatda adamlaryň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze hasylyň düýbüni tutmakda möhüm ähmiýetli bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümiň degişli derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ähli etraplarda ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça iş depginini artdyrmagy, bugdaý öndürijileriň zerur ýokary hilli tohum bilen üpjün edilmegini, bugdaý ekişinde ulanyljak ekiji gurallaryň we oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şol işler bilen bir hatarda «ak altyn» möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri utgaşykly geçirilmelidir, munuň üçin welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletde tamamlamaly hem-de gowaçanyň ýapragyny düşürmek işlerine taýýarlyk görmeli diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, pagta arassalaýjy kärhanalary we kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamakda ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýarlamak barada zerur bolan çäreleri görmek tabşyryldy.

Şeýle hem welaýatda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek üçin ähli şertleri döretmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmegiň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň hem-de ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, gurulýan ähli desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda welaýat boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda önümçiligiň käbir ugurlary boýunça bellenen meýilnamalaryň berjaý edilişine ünsi çekdi. Bu babatda maldarçylyk önümlerini öndürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meýilnamalary ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini belläp, bu ugurda işleriň depgininiň güýçlendirilmegini, maksatnamada bellenen meýilnamalaryň yzygiderli we doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Maldarlar üçin zerur bolan şertleri döretmeli, munuň özi dowardarçylygy ösdürmäge, şeýle hem mallar üçin ot-iým binýadyny berkitmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere hem-de häkime bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, häkim möwsümleýin oba hojalyk çärelerine — galla ekişine hem-de pagta ýygymyna we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýygnap almak işlerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime öňde durýan bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün edip, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada birnäçe tabşyryk berdi. Hususan-da, güýzlük bugdaý ekişi üçin bölünip berlen meýdanlary ekişe göwnejaý taýýarlamagyň, öz wagtynda sürüm geçirmegiň, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekişiň öň ýanynda ýerleri gurplandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Mundan başga-da, gallaçylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek we ähli oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýarlyk ýagdaýyna getirmek tabşyryldy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz pagta ýygymy möwsüminiň örän jogapkärli çäredigini belläp, onuň başlanmagyna welaýatyň pagta harmanhanalarynyň we bar bolan ähli tehnikanyň doly taýýar edilmelidigini, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gant şugundyrynyň, güýzlük ýeralmanyň gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatyndaky wezipelere ünsi çekip, bu babatda ähli agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyny belledi hem-de häkime degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maldarçylyk önümleriniň öndürilişine aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, bu ugurda işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň gadymy çarwadarlyga has-da uýgunlaşandygyny göz öňünde tutup, çarwadarlarymyz üçin zerur şertleriň döredilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň ot-iým bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ot-iýmlik ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Maldarçylyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak üçin hususy telekeçilere bölünip berlen ýerlerde geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek gerek. Milli Liderimiz welaýatda maldarlarymyz we maldarçylyk hojalyklarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtap, wise-premýere we häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, bina edilýän desgalaryň ählisiniň öz wagtynda tabşyrylmagyny üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim täze okuw ýylynyň başlanmagyna we ýakyn wagtda badalga beriljek möwsümleýin oba hojalyk çärelerine — güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň ýaly-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi. Onuň çäklerinde durmuş we senagat maksatly möhüm desgalar bina edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz bugdaý ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň geljekki bereketli hasylyň girewidigini belläp, häkime öňde durýan ekiş möwsüminiň ýokary depginini üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmegi, zerur oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ähli serişdeleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şu jähetden ýerleriň hasyllylygyny we agrotehniki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerine ylmy çemeleşmäniň zerurdygy bellenildi.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymy möwsümini degişli derejede geçirmek we daýhanlaryň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin möwsümde hereket etjek ähli düzümleriň utgaşykly işini ýola goýmagyň günüň möhüm talabydygyny aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem şaly, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerine kadaly agrotehniki idegi üpjün etmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Demirgazyk sebitiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda mallaryň baş sanyny we ýokary hilli maldarçylyk önümleriniň önümçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak işleri bellenildi. Milli Liderimiz bu işleriň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, bu babatda ýol berilýän säwlikleriň çalt düzedilmelidigine ünsi çekdi.

Häkime maldarlaryň we maldarçylyk hojalyklarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek tabşyryldy. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin welaýatda dowardarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak we ot-iým üpjünçiligini ýeterlik derejede ýola goýmak, degişli ot-iýmlik ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şunuň ýaly-da, TSTB-niň agzalary tarapyndan maldarçylyk we guşçuluk toplumlaryny gurmak üçin bölünip berlen ýerlerde alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigi nygtaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň baş maksadynyň halkymyzyň abadançylygy baradaky aladadan ybaratdygyny nygtap, ýerlerde ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň meselelerini mydama gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň häkimine Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmaly möhüm desgalaryň gurluşygy barada anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işler hem-de täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Häkim gurluşyk meýdançalarynda işleriň barşy, welaýatyň ekin meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişine girişmek hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly başlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipelere häkimiň ünsüni çekip, bugdaý ekişini öz wagtynda, agrotehniki möhlete laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy. Häkime ýerleri hem-de oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak, gallaçy-kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, tehnikalaryň we awtoulaglaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça çäreler görülmelidir.

Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işlerini geçirmek babatda degişli görkezmeler berildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gymmatly ekiniň ýokary hasylyny almak maksady bilen, şol işler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidir. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasylyň öndürilmegi üçin olara degişli derejede ideg edilmegi barada welaýatyň häkimine degişli görkezmeleri berdi.

Maldarçylyk ýaly möhüm oba hojalyk pudagyna aýratyn üns berilmelidir. Milli Liderimiz welaýatda mallaryň baş sanyny yzygiderli artdyrmagyň hem-de maldarçylyk önümleriniň önümçiligini giňeltmegiň, dowardarçylyk bilen meşgullanýan çarwadarlar üçin zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belläp, bu möhüm işde işleriň haýal-ýagal alnyp barylýandygyna häkimiň ünsüni çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ot-iým ekinleri üçin niýetlenen ýerleri giňeltmegiň hasabyna mallaryň ätiýaçlyk ot-iým bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň sanyny artdyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegini talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap toplumlary gurmak üçin hususy telekeçilere — TSTB-niň agzalaryna ýer bölekleriniň berlendigini bellemek bilen, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň täze gurulýan desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, şolarda işleriň hiline hem-de bellenilen möhletde ulanylmaga berilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ş.Ismailowy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyp, bu wezipä A.Seýidowy bellemek hakynda resminamalara gol çekdi. Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine B.Mamedbaýew bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalary elektron resminama dolanyşygy arkaly häkime iberdi hem-de birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çagyryldy. Häkim welaýatdaky işleriň ýagdaýy, täze okuw ýylynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk we sebitde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda hormatly Prezidentimiziň güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek babatynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky maglumat hasabatyň aýratyn bölegi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagtanyň biziň milli baýlygymyzdygyny belläp, häkime bu jogapkärli oba hojalyk möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, gowaçanyň ýapragyny düşürmek çäresini bellenilen meýilnama laýyklykda geçirmegiň, ýetişdirilen «ak altyn» hasylyny öz wagtynda ýygnap almagy hem-de aýawly saklamagy üpjün etmegiň, ýokary öndürijilikli kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmegiň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekin meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň barşy bilen gyzyklanyp, pagta ýygymy möwsümini, şonuň ýaly-da, güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmegi guramagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, häkime bugdaý ekmek üçin bölünip berlen ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerine hem-de beýleki agrotehniki çäreleriň guralyşyna gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz daýhanlaryň ýokary hilli tohum, dökün, tehnika, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilmelidigini belläp, häzirki wagtda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekki hasylyň binýadyny tutýan ekişiň üstünlikli geçirilmegine baglydygyny nygtady.

Welaýat häkimine gant şugundyrynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu gymmatly ekiniň, şonuň ýaly-da, güýzlük ýeralmanyň, gök bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň, hususan-da, maldarçylygy ösdürmek hem-de önümleriň öndürilişini we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri çözmegiň depginini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleriň üstünliklere beslenmegi üçin çarwadarçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyza dowardarçylygy ösdürmek maksady bilen ähli zerur şertleriň döredilmeginiň, mallaryň ot-iým binýadynyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu barada wise-premýere hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mallaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, ot-iýmlik ekinleriň meýdanyny giňeltmegiň, täze, häzirki zaman maldarçylyk toplumlaryny döretmegiň zerurdygyny belledi. Bu işde hususy pudaga, şol sanda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna möhüm orun berilmelidir, olara degişli desgalary gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş meselelerini çözmäge we ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen ähli desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmäge gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynyň önümçiligini ýokarlandyrmaga hem-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi.

Häzir ýurdumyz boýunça möwsümleýin oba hojalyk işlerine — güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk işleri ýokary depginde guramaçylykly alnyp barylýar. Zerur tehnikalar taýýarlyk derejesine getirilip, daýhanlar ýokary hilli tohum, dökün, suw bilen üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maldarlar hem-de maldarçylyk hojalyklarynyň öz önümlerini hem-de mallaryň baş sanyny artdyrmagy üçin zerur bolan şertleri döretmeli, munuň üçin ähli welaýatlarda ot-iýmlik ekinleriniň meýdanlaryny giňeltmek zerurdyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga wise-premýer Ç.Gylyjowy çagyryp, ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak üçin bölünip berlen, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bölünip berlen ýerlerde geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylygy ösdürmek, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we mallaryň ätiýaçlyk ot-iým binýadyny pugtalandyrmak üçin gysga möhletde we geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň ugurlaryny anyk kesgitlemek möhümdir.

Bu wezipeleri çözmek üçin «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wise-premýer E.Orazgeldiýewe öri meýdanlaryny peýdalanmagyň we kärendesine bermegiň tertibini hem-de Öri meýdanlaryny peýdalanandygy üçin tölegi almagyň tertibini işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin Ministrler Kabinetine hödürlemek tabşyryldy.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» önümçiligiň käbir ugurlary boýunça bellenen meýilnamalaryň, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ünsi çekdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemlemek bilen, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14753