SINHAÝ EKSPOSYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTANYŇ EKOLOGIÝA SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARY GÖRKEZILDI

6-njy sentýabrda Sinin şäherinde (HHR) Sinhaý ekologiýa senagaty Eksposy we Tibet halysynyň sergisi (Qinghai Ecological (Industry) Expo and Tibetan Carpet Exhibition) açyldy.

Gözden geçiriliş ykdysadyýetiň we beýleki pudaklaryň ösüşiniň ekologiýa ugruna, şol sanda ekologiýa ösümlikçiligi, maldarçylygy, adaty hytaý lukmançylygy, ekosyýahatçylyk, etniki medeniýet we beýlekiler ýalyy möhüm ugurlara bagyşlanýar.

Sergi zallaryň üçüsinde we Sinhaýyň Halkara sergi meýdançasynda hem-de maslahatlar merkezinde, şeýle hem wirtual görnüşde guraldy, ol netijeli tejribe alyşmak, ekologiýa serişdelerinden peýdalanmak we senagat önümçiligini ekologiýalaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny kemala getirmek üçin meýdança bolup çykyş edýär.

10-njy sentýabra çenli dowam etjek serginiň çäklerinde maýa goýumlaryny ilerletmek boýunça «tegelek stollar», forumlar, tematika günleri guralýar.

Eksponyň açylyş dabarasyna Sinhaý welaýat partiýa komitetiniň sekretary, welaýatyň Kongresler hemişelik komitetiniň başlygy Wan Szýanszýun, Hytaý-ASEAN Merkeziniň baş sekretary Çen Dehaý, şeýle hem welaýatyň beýleki ýokary wezipeli adamlary, Argentinanyň, Urugwaýyň, Tailandyň, Madagaskaryň, Keniýanyň, Kanadanyň, Çiliniň, Mýanmanyň, Pakistanyň, Ruandanyň, Serbiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we beýleki döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Senagat-ekologiýa forumynyň meýdançasynda « Hyzmatdaşlyk we ekologiýa senagatynyň ösüşi» temasyndan guralan «tegelek stola» wideomaslahat aragatnaşygy boýunça Türkmenistanyň HHR-daky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Parahat Durdyýew gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçisi çärä gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren milli ekologiýa strategiýasyna aýratyn üns berdi. Tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksatlarynyň arasynda -- tebigy serişdelerden netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalaryny birleşdirmek, şeýle hem BMG-nyň Araly halas etmek boýunça ýörüte Maksatnamasyny hem-de BMG-nyň Suw Strategiýasyny işläp taýýarlamak ýaly maksatlar bar.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmagyň, ekologiýa meselelerini çözmegiň dürli ugurlary boýunça halkara konwensiýalaryna we BMG-nyň maksatnamalaryna goşulandygy bellenildi. Şunda biziň ýurdumyz tebigy baýlyklary umumy bähbitleriň hatyrasyna ulanmak ýörelgesinden ugur alýar.

Wideoduşuşyga gatnaşanlara Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda AHEHG-na başlyklyk etmeginiň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda dünýä energetika howpsuzlygyna tarap ýolda wajyp ädim bolan Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýanyň kabul edilendigi hakda habar berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň ilçisi ýurduň sebitleriniň ählisinde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy landşaftlary asyl durkunda saklap galmak, çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş, bag ekmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem «Altyn Asyr» kölüniň töweregini özleşdirmek boýunça Konsepsiýa barada gürrüň berdi.

P. Durdyýew çykyşynyň dowamynda Türkmenistany çig maly eksport edýän ýurtdan ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän hem-de eksport edýän ýurda öwürmegi ileri tutulýan maksat edinýän ykdysady syýasatyň ugurlaryny beýan etdi.

Sözüniň ahyrynda ilçi «tegelek stola» gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, şol sanda Aşgabatda dekabr aýynda geçirmekligi göz öňünde tutulýan «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty barada habar berdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14798