OWGANYSTAN-TÜRKMENISTAN- AZERBAÝJAN UGRY BOÝUNÇA ÝÜK DAŞAMAGYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üç taraplaýyn onlaýn-duşuşyk geçirildi. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara üstaşyr-ulag taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar.

Duşuşygyň gün tertibine ulag-logistika işlerini amatlaşdyrmak, oňa gatnşyjylaryň ählisine deň derejeli ykdysady we maliýe şertlerini döretmek, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça ýükleri daşamak üçin bütewi nyrh syýasatyny ulanmak meseleleri girizildi.

Şeýle hem her tarapdan bir operator bellemek we umumy bütewi nyrhnama meselesine garaldy. Biziň ýurdumyzdan «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ jogapkär operator diýlip bellenildi. Oňa gatnaşyjylar Lapis Lazuli geçelgesi boýunça ýük akymyny artdyrmak boýunça ädimler barada ylalaşdylar. Indiki duşuşygy sentýabr aýynyň ahyrynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14797