MILLI LIDERIMIZ WELOSIPEDLI GEZELENÇ ETDI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir.

Ine, şu gün hem milli Liderimiz adaty endigine eýerip, dag eteklerinde welosipedli menzil aşdy we bedewler bilen didarlaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welosiped sporty bedeni kämilleşdirmäge, onuň kesellere garşylygyny berkitmäge ýardam berýär. Türkmenistanda sportuň bu görnüşiniň ekologiýa taýdan arassalygyna mynasyp baha berilýär. Şonuň netijesinde, welosiped sportunyň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar.

Güýz paslynyň ilkinji günleriniň säherinde jana tenekar dag howasy bu künjegiň tebigy gözellikleri, tokaý zolaklary bilen utgaşyp, ynsanyň ruhuny göterýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopediýasynda türkmen tebigatynyň ösümlikleriniň, şol sanda güýçli sagaldyş häsiýetine eýe bolan arçanyň aýratynlyklary beýan edilýär.

Häzirki maglumatlara görä, sosna tokaýlygynyň bir gektary gije-gündizde fitonsidleriň 5 kilograma golaýyny, arça tokaýlygy bolsa 30 kilograma golaýyny bölüp çykarýar. Bu görkezijiler ortaça ululykdaky bir ilatly nokady ençeme betbagtlykdan goramaga ýeterlikdir, munuň özi wiruslaryň ýaýran döwründe has-da wajypdyr.

Howada gaýyp ýören maddalar öýkeniň hem-de teniň üsti bilen adamyň bedenine aralaşyp, kesel döredýän ownuk mikroblary ýok edýär, bedeni ýokanç kesellerden goraýar, ýürek urgusyny hem-de gan basyşyny, madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar, beýniniň gan aýlanmasyna, bagryň ýagdaýyna, teniň bakterisid işjeňligine, ynsan ruhuna hem-de immunitetiň tutuş ulgamyna oňaýly täsir edýär.

Galyberse-de, pürli agaçlaryň düzümindäki efir ýagy howa arkaly turşaýar hem-de melhemli ozonyň köp mukdaryny bölüp çykarýar.

Fitonsidler sport bilen meşgullanýan adamlar üçin hem peýdalydyr, çünki olar ganazlykdan gaça durmaga ýardam edýär. Howada gaýyp ýören maddalar eritrositleriň kislorodyň ýetmezçiligine durnuklylygyny artdyrýar, olaryň ömrüni iki esse uzaldyp, tutuş gan aýlanyş ulgamynyň işine oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin şeýle ýerlerde diňe welosipedli däl-de, pyýada gezelençler hem ajaýyp sagaldyjy bejergä öwrülip biler.

Soňky ýyllarda gönüden-göni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy bilen, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň töwereklerinde hem millionlarça düýp bag nahallary ekildi. Halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolan bu asylly çäre her ýyl geçirilýär, adamlar bu işe höwes bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde, tokaý zolaklarynyň çägi giňelýär, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen ajaýyp bedewiň hormatyna dikeldilen “Ýanardag” binasynyň deňinden geçip barýan pursatlarynda, bu binanyň özboluşlylygyny synlady. Behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny, şöhratyny özünde jemlän bu bina ak mermerli Aşgabadyň gözelligine görk goşup, binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşýar.

Ýanardag Türkmenistanyň döwlet nyşanynda hem mynasyp ornuny eýeledi — hut onuň keşbi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Tugrasynyň merkezinde şekillendirildi. Bedewiň öňe tarap okgunly hereketi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine ynamly gadamyny alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň ähli özgertmeleriniň, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň özenini mydama döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamyň mümkinçiliklerini doly açmaga kömek edýär. Munuň üçin ýurdumyzda iň gowy şertler döredilýär — degişli düzüm ösdürilýär, wagyz işleri geçirilýär. Şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak däbe öwrüldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň, şeýlelikde, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplygyny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Bir bitewi sazlaşygy döredýän bu görnüşler Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan oňyn özgertmeleriň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna tarap ugrady hem-de soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik we medeni merkeziniň kemala gelýän künjeginiň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz Şapolat atly bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezim etdi.

Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde, türkmen seýisleri we atşynaslary behişdi bedewleriň arassa ganly tohumyny gorap saklamak, ady rowaýata öwrülen atlara edilýän idegi kämilleşdirmek üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, netijeli işleri alyp barýarlar. Bütin dünýäde meşhur bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şöhraty belende galdy. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini arkaly tutuş adamzadyň söýgüsine mynasyp bolan bedewleri kemala getirip, arassa ganlylygyny saklap, nesilden-nesle geçirdiler.

Bu gün Diýarymyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir bu pudagyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.

At çapyşyklary eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän toý-baýramlarymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu bolsa türkmen ilinde asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrebap derejede ösdürilýändigine güwä geçýär. Häzirki döwürde atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, aýratyn-da, milli at üstündäki oýunlar işjeň ýagdaýda ösdürilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz bedewi çapuw ýodasyna çykaryp, ony öz erkine goýberdi. Şapolat gorgunlap barşyna aýaklaryny ýazdy. Bu görnüşler bedewiň seýsiniň ýetendiginiň nyşanydyr.

Ajaýyp ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz olary wasp edýän birnäçe eserleri döretdi. Şolarda halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we dünýä okyjylarynyň söýgüli eserlerine öwrülen şol kitaplarda pederlerimiziň yhlasyndan we zehininden kemal tapan hem-de şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bedewler halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir, türkmenler bedewleri ýakyn syrdaşy saýyp geldiler. Hut şu ýörelgeleri hem ahalteke atlarynda nusgalyk häsiýetleriň jemlenmegini üpjün etdi. Bu gün seýisleriň, halk seçgiçileriniň ussatlygy netijesinde milli atşynaslygyň asylly däpleri aýawly saklanylýar hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýan we gulluk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýän esgerleriň ýanynda saklandy. Nobatçy esger serhediň asudadygy barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, serhetçileriň gullugy, dynç alyş şertleri bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen serhet galasynyň döwrebap toplumynda ähli zerur şertleriň, amatly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin milli Liderimize ähli serhetçileriň adyndan hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň gulluga gelip, öwrenýän hünärleri, dynç alyşlary we naharlanyşy bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar serhet galasynda beden we ruhy taýdan kämilleşmek, şol sanda sport bilen meşgullanmak üçin amatly şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň sport bilen utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini nygtap, yzygiderli bedenterbiýe maşklarynyň esgeri taplaýandygyny belledi. Bedenterbiýe we sport ýaşlar üçin aýratyn möhümdir, çünki ol şahsyýetiň kemala gelmegine kömek edýär, onda durmuş endiklerini we gymmatlyklaryny ösdürýär diýip, döwlet Baştutanymyz harby gullukçylara sporty hemişelik hemra edinmeklerini sargyt etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz serhetçilerden geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy arzuw edýändiklerini sorady. Esgerler özleriniň nurana arzuwlarynyň bardygyny gürrüň berdiler. Olaryň biri gullukdan soň Serhet institutyna girip, geljekde serhetçi hünärini dowam etmegi, beýlekileri bolsa dürli ýokary okuw mekdeplerinde okap, saýlap alan ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmen bolmagy arzuw edýär.

Şeýle hem serhetçiler milli Liderimiziň sowallaryna jogap berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýändiklerini, şanly sene mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişde döwletimiziň serhet gullugynyň tehniki binýadynyň üstüni ýetiren döwrebap harby tehnikalaryň geçiriljekdigini buýsanç bilen habar berdiler.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýene-de bir şanly wakanyň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesiniň belleniljekdigini aýtdy. Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, tutuşlygyna goranyş häsiýetli Harby doktrinasyny kabul etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň dost-doganlyk serhedine öwrülendigini, ähli goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýandygymyzy aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýylda ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljekdigini aýdyp, şonda döwletimiziň şu döwürde ýeten derejesiniň, kuwwatynyň görkeziljekdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz berkarar Watanymyzyň bähbitlerini, halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmekde serhetçileriň möhüm ornunyň bardygyny aýdyp, olaryň mukaddes kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynam bildirdi.

Ýaş esgerler döwlet Baştutanymyzyň ýakynda harby tälim beriş meýdançasynda dürli ot açyş ýaraglaryndan nyşana ok atyp, öz ussatlygyny görkezendigini, munuň bolsa özleri üçin nusgalyk mekdepdigini nygtadylar.

Olar dürli harby tehnikalardan we söweşjeň endiklerden ussatlyk bilen baş çykaryp, hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerjekdiklerine hem öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine, harby borja wepaly boljakdyklaryna we ata Watanymyzyň mukaddes çäklerini gözleriniň göreji deý gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz serhetçilere alyp barýan mukaddes gulluklarynda mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, serhet galasyndan ugrady.

Milli Liderimiz ýolugra tebigy ösümliklerden dörän tokaý zolagynyň ýanynda saklanyp, bu ýerde bitýän ösümliklere üns berdi.

Ady agzalan köp jiltli ensiklopediýany döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigatymyzyň ösümlikleriniň aýratynlyklaryny we olaryň her biriniň dermanlyk häsiýetini oňat bilýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli belleýşi ýaly, ösümlikler topragy berkitmek, ýeriň hilini gowulandyrmak häsiýetine eýedir.

Diýarymyzda döredilýän tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek, biodürlüligi gorap saklamak milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagy şol syýasatyň diňe ylmy çemeleşmeleriň, halkara tejribesini alyşmagyň esasynda amala aşyrylýandygynyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň töweregi boýunça welosipedli gezelenjiniň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň çäginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän şypahananyň ýanyna geldi. Bu ýerde gurluşyk işleri bilen bir hatarda, şypahana gelýän awtoulag ýoluny çekmek batly depginde alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ozal bu ýerdäki gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşanynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe adamlaryň saglyklaryny berkitmekleri üçin bu şypahana rahat baryp-gelmeklerini üpjün etjek 22 kilometrlik täze ýoluň ýokary hilli gurulmagyny tabşyrdy.

Bu ýerde gurluşyk toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa alnyp barylýan işler, şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy dowam edýän şypahanada işler bilen tanyşlygyň barşynda, bu ýerde Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu merkeziň maksady sebitiň, hususan-da, Aral deňziniň tebigy gurşawynyň aýratynlyklarynyň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini azaltmagy öwrenmekden we öňüni almakdan ybarat bolar.

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny goramagyň gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşleriň täze belentlikleri Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli çözgütleriniň miwesidir.

Döwlet Baştutanymyz lukmançylykda, raýatlarymyzyň saglygyny bejermekde tebigy baýlyklarymyzy giňden peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär.

Milli Liderimiziň ynsanyň derdine melhem bolýan tebigy bejeriji palçyklar we mineral suwlar barada giňişleýin maglumat berýän, lukmançylyk taýdan bimöçber ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby diňe bir lukmanlaryň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň hem esasy maslahatçysyna we ugur görkezijisine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň gurluş aýratynlyklary, ulanylýan bezeg serişdeleri bilen gyzyklanyp, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmalydygyny belledi. Toplumyň binagärlik keşbi ýerli tebigy aýratynlyk bilen sazlaşmalydyr hem-de bu künjegiň özboluşly tebigaty binagärlik çözgüdinde göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem şypahana gelýän ýoluň gurluşygy ýokary halkara ölçeglere doly kybap gelmelidir.

Bellenilişi ýaly, şypahana toplumy häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylar. Onda lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ýola goýlar.

Milli Liderimiz işleriň barşy bilen tanşyp, gurluşygyň bellenilen möhletinde tamamlanmagynyň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belledi. Gurluşykçylar alyp barýan işlerine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän ünsi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynandyrdylar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14825