TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen Lideri Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyna ýokary ynam bildirilýändiginiň hem-de giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr, diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowa alyp barýan jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşan Tatarystanyň ilkinji Prezidenti, häzirki wagtda Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.

Prezident Rustam Minnihanow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly häsiýete eýedigini we ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň yzygiderli alyp barýan wajyp hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde, sebit derejesinde ikitaraplaýyn özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär, diýlip aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.

Şol birwagtyň özünde netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk işjeň ýola goýulýar. Bu ugurlarda özara gatnaşyk boýunça asylly däplere eýe bolan baý tejribe toplanyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikler, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2203