TÜRKMENISTANYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SERGI GURADY

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi gurady.

Sergide öý bezegleriň, milli eşikler, şäý sepler, halylar we beýleki türkmen milli senetiniň önümleri görkezildi. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň kitaplary hem görkezildi.

Türkmen tarapy, gatnaşyjylary Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da energitika, ulag we suw diplomatiýasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada wideo görkezildi.

Bu çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa sebitiniň we goňşy ýurtlaryň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, şeýle hem Azerbaýjan, Owganystan, Russiýa, Eýran, Yrak, Hytaý, Päkistan, Serbiýa we beýlekiler) Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň we beýleki çagyrylan myhmanlar gatnaşdylar.

https://neutrality.gov.tm/news/94/