TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hasabaty bilen baglylykda, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow milli Liderimize ýurdumyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, bu ministrlik ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde dürli döwrebap enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça anyk çäreleri görýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň çykarmaga taýýarlanylýan elektron önümleriniň nusgalarynyň görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýerde ölçegi 65 dýuýmly täze smart telewizorlar, iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar (smart telefonlar), döwrebap monobloklaryň dürli görnüşleri we kondisionerler, internet ulgamyny paýlaýjylar — routerler, şeýle hem agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen kulerler görkezildi.

Şolaryň önümçiligini giňden ýola goýmak boýunça işleri bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti alyp barýar. Bu jemgyýet Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň paýly gatnaşmagynda (49 göterim) döredildi.

Hojalyk jemgyýeti eýýäm dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin öwrediji kompýuterleriň we netbuklaryň, ölçegleri 32, 42 we 55 dýuýmly täze smart telewizorlaryň önümçiligini, ýakynda bolsa 65 dýuýmly telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri elektron senagatyna degişli önümleriň aýratynlyklary, olaryň önümçiliginde ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Hususan-da, täze telewizoryň artykmaçlyklary barada aýdyp, ministr onuň kompýuterlere, aragatnaşyk routerlerine we beýleki degişli enjamlara birikdirmek mümkinçiligine eýedigini we onuň bir dolandyryş enjamy arkaly dolandyrylýandygyny habar berdi.

Ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli ýokary hilli önümler Garaşsyz Watanymyzyň innowasiýalar hem-de ylmy-tehniki ösüşiň ýoly bilen öňe tarap okgunly barýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öz elektron senagatymyz kemala gelýär, uly isleg bildirilýän elektron we elektrotehniki önümleriň çykarylyşy ýola goýulýar.

Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy esasda pudaklaýyn önümçiligi ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.

Bu köpugurly işde ýurdumyzyň telekeçilerine ähmiýetli ornuň degişlidigini bellemek gerek. Olar, esasan, ýerli çig maly peýdalanmagy, döwrebap öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmegi we işjeň ornaşdyrmagy ugur edinýärler.

Döwletimiz hususylaşdyrmagy dowam etmek bilen, hususy ulgama uly goldaw berýär. Elektron senagatynyň ilkinji nusgasy — bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň bu ugurdaky tejribesi munuň aýdyň mysalydyr, çünki ol netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ýokary derejedäki görnüşi bolup durýar.

Öndürilýän önümleriň aýratynlyklary we görnüşleri baradaky gürrüňi dowam edip, ministr hormatly Prezidentimizden önümçiligi täze ýola goýlan telewizora, kompýutere, ykjam telefonlara we beýleki enjamlara at dakyp bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron senagatynyň ösdürilmelidigine we enjamlaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyny şertlendirmek bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen 65 dýuýmly 4 smart telewizora “Älem”, ýurdumyzda öndürilýän monoblok görnüşli kompýutere bolsa “Şowly” diýlip at dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, smart görnüşli telefony “Milli”, öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşini bolsa «Körpe» diýip atlandyrmak teklip edildi. Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde işjeň ulanylýan «Internet ulgamyny paýlaýjy» enjamy — routeri «Uçgun», gündelik hojalygyň zerur enjamy bolan agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamy «Teşne», split görnüşli kondisioneri bolsa «Mylaýym» diýip atlandyrmagy maslahat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek hem-de uly isleg bildirilýän, daşary ýurtlaryň önümçiligi bilen mynasyp bäsleşmäge ukyply harytlary öndürmek boýunça başy başlanan işiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz halkymyzyň gündelik durmuşda sarp edýän serişdeleriniň we ulanýan enjamlarynyň üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, şolaryň görnüşlerini artdyrmak we hilini yzygiderli gowulandyrmak meselelerine üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron senagatynyň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de bahalarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14920