TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DIPLOMATIÝA ÝOKARY OKUW MEKDEPLERININIŇ ARASYNDA SANLY ULGAM ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Özara gatnaşyklaryň ugurlary, şeýle hem halkara gatnaşyklary ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Özbegistan Respublikasynyň DIM-niň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň (DYDU) wekilleriniň onlaýn-duşuşygynyň gün tertibine girizildi.

Webinaryň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we DYDU-nyň arasynda 2015-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Ähtnamanyň ýerine ýetirilişine garaldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçisi Ýazguly Mämmedow, Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçisi Akmaljon Kuçkarow, şeýle hem rektorlar Jumamyrat Gurbangeldiýew (HGI), Komiljon Karimow (DYDU) we şu ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar.

Rektorlar ýokary okuw mekdepleriniň her biriniň gurluşy we işiniň dürli ugurlary barada giňişleýin maglumat berip, tejribe alyşmaga, sanly görnüşde ugurdaş duşuşyklary we maslahatlary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Şu jähtden Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow köp ugurda, hususan-da, akademik alyşmalar ulgamynda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň oňyn sazlaşygyna ünsi çekdi we häzirki wagtda Özbegistanda ýurdumyzyň raýatlarynyň iki müňüsiniň okaýandygyny belledi. Şanly senäniň –Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi bilen baglanşyklykda DYDU-nyň talyplary üçin ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgeleri we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary barada onlaýn-umumy sapaklary guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz gezeginde, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljon Kuçkarow öz ýurdunyň daşary syýasatda gazananlary we ileri tutýan ugurlary barada gürrüň berdi, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça degerli teklipleriň birnäçesini öňe sürdi.

Özbek tarapyndan onlaýn-çäräni alyp baryjy, DYDU-nyň prorektory, professor Saidmuhtar Saidkasymow biziň ýurtlarymyzy umumy taryhy-ruhy kökleriň birleşdirýändigini we garaşsyzlyk ýyllarynda özara hormata esaslanýan hem-de strategik hyzmatdaşlyk üçin pugta syýasy-hukuk binýadynyň goýlandygyny aýratyn belledi. Alym ýokary okuw mekdepleriniň arasynda goşulyşmanyň geljegi uly ugurlaryny belledi. Ilçi Ýazguly Mämmedowa DYDU-nyň maglumatlar-serişde merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýokary okuw mekdebiniň kitaphanasyna sowgat berlen rus we iňlis dillerindäki kitaplarynyň tanyşdyrylygynyň guralandygy üçin hoşallyk bildirildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda akademiki alyşmalary, onlaýn görnüşde bilelikdäki maslahatlary we seminarlary geçirmegi hem goşmak bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmek barada ylalalşyk gazanyldy.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14978