TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNKTAD-YŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri, hususan-da ÝUNKTAD we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti, durnukly ulag we söwda ulgamlaryny ösdürmek babatynda soňky bäş ýylyň dowamynda alnyp barylan özara hereketleriň önjeýliligi bellenilip geçildi.

Şunlukda hyzmatdaşlaryň özaragatnaşyklarynyň Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň netijeli we hemmetaraplaýyn durmuşa ornaşdyrylmagyna gönükdirilendigini nygtamak zerurdyr.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýakyndan gatnaşmagynda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň ulgamyna «ASYCUDA World» integrirlenen gümrük maglumat ulgamy ornaşdyryldy we işjeň ösdürilýär. Bu ulgam Türkmenistanyň maliýe pudagyna, hususan-da bank, ulag we beýleki ulgamlaryna, şonuň ýaly-da «Тürkmenstandartlary» Baş döwlet gullugyna «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň tapgyrlaýyn we netijeli ornaşdyrylmagynyň esasy platformasyna öwrüler.  

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Bu Ähtnama durnukly ösüşiň global we sebitleýin strategiýalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde söwda we ulag gatnaşyklarynyň sanlaşdyrylmagy üçin özboluşly esas bolar.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2258