ÝURDUŇ GÜNDOGAR SEBITINIŇ EKARANÇYLARY ŞALY ÝYGYMYNA GIRIŞDILER

Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy. Bu sebitde şu gymmatly azyklyk ekin iň köp mukdarda ýetişdirilýär. Bu ýerde şaly güýzlük galladan boşan 10 müň 200 gektar meýdana ekildi. Ýurduň gündogarynda esasan şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan, ýokary hasyllylygy we datly tagamy bilen tapawutlanýan «Nukus-2» sorty ýetişdirilýär. Orakda ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlar işledilýär. Lebaply şalyçylar döwlete 47 ümň 400 tonna şaly tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=15024