TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ GATNAŞMAGYNDA KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄNDIR

Şu gün, 6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki işleriň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aýratynlyklaryna seredilip geçildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow assosiirlenen agzasy hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara hereketleriň strategiki nukdaýnazaryny jikme-jik beýan etdi.

Şunlukda Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigi we durmuş ulgamynda, sebitleýin ykdysady integrasiýa hem-de Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giňeldilmegi, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatynda tagallaryň birleşdirilmegine çagyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan çäreleriň ähmiýeti hem bellenilip geçildi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň global pandemiýa zerarly ýüze çykan oňyn bolmadyk durmuş-ykdysady netijeleriniň peseldilmegi boýunça çäreleri ählitaraplaýyn goldaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýiti ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmegiň netijeli gurallarynyň döredilmegi boýunça başlangyjy bellenildi. Hususan-da, pandemiýadan soňky döwürde hemmetaraplaýyn tagallalaryň güýçlendirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy. 

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygy ugry boýunça gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna ygrarlylygy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň şu ugrunyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň ygrarly tarapdary bolup çykyş edýär», diýip belläp geçdi.

Ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary mejlisiň jemleri boýunça gol çekilen degişli resminamalarda öz beýanyny tapdy.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2305