BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we netijeliligini tassykladylar. Bilelikdäki işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, umumy wehimlere we howplara garşy göreşmegiň täsirli gurallarynyň işlenilip düzülmegi boýunça özara hereketleri pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri babatynda pikirler alyşyldy.

Türkmen tarapynyň guramaçylykly jenaýatlara, halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň transmilli guramaçylykly jenaýata garşy Konwensiýasynyň gatnaşyjysy bolmak bilen, Türkmenistanyň sebit hem-de halkara derejesinde bu ulgamdaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ugrunda çykyş edýändigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek zerurdyr.

Taraplar hyzmatdaşlygyň sebit hem-de halkara platformalarynyň netijeliligini belläp geçdiler. Bilelikdäki «ýol kartasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça iş ýüzündäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy, 2021-nji ýyl üçin meýilnamalar bellenildi. Türkmen tarapynyň BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýa döwletleri üçin Maksatnamasynyň möhletiniň uzaldylmagyna gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Türkmenistanyň neşe serişdelerine garşy sebit we global tagallaryň, şol sanda Merkezi Aziýa sebitleýin maglumat utgaşdyryjy merkeziniň üsti bilen ilerledilmegi babatyndaky berk nukdaýnazary tassyklanyldy.

Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk meseleleri hakynda gürrüň etmek bilen, taraplar BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Owganystan we goňşy döwletler üçin Sebitleýin maksatnamasynyň aýratynlyklaryna seredip geçdiler. Bu ugurda, Owganystanda parahatçtlygyň dikeldilmegine, onuň içerki we daşary integrasiýa proseslerine Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ygrarlylygy nygtalyp geçildi.

Taraplar tutuş dünýäde howpsuzlygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygyň dowam edilmegine ynam bildirdiler.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/2309