TÜRKMENISTAN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA OWGANYSTAN BILEN HYZMATDAŞLYGYNY DOWAM EDER

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guralan Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük onlaýn maslahat öz işine başlady. Dünýäniň onlarça ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan ýokary derejeli wekilleri özünde jemleýän bu maslahat 4 ýylda bir gezek geçirilýändir.

Bu maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi.

Bu ugurda halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, serhetüsti jenaýata garşy göreşmekde türkmen tarapynyň goldaw bermäge ygrarlylygy beýan edildi we munuň üçin utgaşykly hem-de strategiki çemeleşmäniň zerurlygy aýratyn nygtaldy. Bu ugurda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenilip geçildi. Hususan-da, Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Bilelikdäki türkmen-owgan toparynyň netijesi aýratyn bellenildi.

Radikal terrorçylyk wehiminiň ýokarlanýan ýagdaýynda Türkmenistanyň sebit we global özara hereketleriň ýaýbaňlandyrylmagy ugrundaky çagyryşy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň global, sebit we milli derejelerde BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine ygrarlylygy aýratyn bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň howpsuzlyk meseleleri boýunça sebit hereketleriniň ählisine gatnaşmagy makullanylýandyr we goldanylýandyr. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Doha şäherinde başlanan Owganystanda parahatçylygyň dikeldilmegi boýunça owganara gepleşiklerini goldaýar hem-de diplomatik we syýasy gurallaryň netijeliligine ynanýar, şol bir wagtyň özünde hem öz syýasy giňişligini bermek arkaly gepleşik prosesine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.

R.Meredow türkmen tarapynyň bu hereketi Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagynyň başlangyjy hem-de sebitleýin parahatçylygyň we durnukly howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm ädim hökmünde kabul edändigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Tükmenistanyň Hökümetiniň Owganystanda parahatçylygy ýola goýmagyň esasy aýratynlygy hökmünde üç sany ugry kesgitledi. Bu syýasy gurallar, Owganystanyň dünýä syýasatynyň proseslerine çekilmegi we ynsanperwer taýdan ýardam etmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystanyň halkyna hemmataraplaýyn goldaw bermäge taýýarlygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümetleriniň işjeň gatnaşyklary saklaýandygyny bellemek wajypdyr, bu bolsa öz nobatynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy boýunça ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşýandyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)