SANLY YKDYSADYÝET WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA “TÜRKMENTEL — 2020” ATLY HALKARA MASLAHAT

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu maslahaty «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Şanly senäniň — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.

Dünýäde halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, ilkinji gezek onlaýn ýagdaýda Aşgabatdan onlarça ýurtlara alnyp berilýär.

Şu ýyl foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 21 ýurdundan spikerleriň 30-dan gowragy hem-de wekilleriň 300-e golaýy bellige alyndy. Olaryň hatarynda Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Kipriň, Maldiwleriň, Monakonyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Özbegistanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bar.

Ýurdumyzyň öňden gelýän we hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar hasaplanylýan «NOKIA», «HUAWEI», «Tech Investment Сo», «SSI Monaсo», «Thales Alenia», «Afghan Wireless», “Airbus”, “Delta Teleсom Ltd”, “Rosteleсom”, “Eastwind”, “Azerteleсom” we beýlekiler bar.

Forumyň işine diňe bir işewürler toparlary däl, eýsem, bu ulgamdaky hünärmenler, esasy alymlar we bilermenler uly gyzyklanma bildirdiler.

“Türkmentel — 2020” forumynyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aragatnaşyk ulgamynyň işgärlerine hem-de forumyň myhmanlaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda: “Häzirki döwürde biz döwletimizde dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalaryna daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Aragatnaşyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki hem-de hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris” diýlip bellenilýär.

Türkmenistan halkara ähmiýetli optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-kommunikasiýa merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Bu taslamalar diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulgamlaryň wajyp şahasy bolup, goňşy döwletleriň ykdysadyýetiniň ösmegine hem ýardam berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara onlaýn maslahata telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt guramalarynyň, kompaniýalaryň we işewürleriň sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýandygyny nygtap, ýöriteleşdirilen forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary, täze tehnologiýalary, ylmy açyşlary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna uly ynam bildirdi.

Umumy mejlis Türkmenistanda innowasion, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşine bagyşlandy. Dünýäniň tejribesi, dolandyryşyň ösüşi we häzirki zaman ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz tehnologik babatda uly ösüş gazandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hemme ýerde kompýuterleşdirmek işiniň ösdürilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň, şol sanda aragatnaşyk ulgamyndaky tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda halkara ölçeglere laýyk gelýän hem-de maglumat gatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün edýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda wajyp maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýändigi bellenildi.

Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, öňdebaryjy enjamlaryň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, sanly tele we radio gepleşikleriň köpşahaly ulgamy üstünlikli hereket edýär, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ösen ulgamy giň zolakly internete goşulmak üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygyň milli operatorynyň müşderiler ulgamy çalt depginler bilen ösýär.

Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, öz öňünde möhüm wezipeleri goýýandygy nygtaldy. Häzirki wagtda, internet we hemra aragatnaşygynyň eýýamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy adaty ugurlary hem-de olaryň ösüşiniň nusgalaryny düýpli özgertdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt özleşdirmegi, şeýle hem kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns bermegi talap edýär. Kommunikasion pudagyň geljegi internet platformalar, bulutly serwisler, 5G ulgamyna, Big Data tehnologiýasyna geçmek, ykjam maliýe we beýleki düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Mejlise gatnaşyjylar maslahatyň Türkmenistanyň halk hojalygy we jemgyýeti üçin aragatnaşyk hem-de maglumat tehnologiýalarynda geljekki ösüşiň ugurlaryny kesgitlemäge we ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda kesgitlän ileri tutulýan ugurlarynda yzygiderli senagatlaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygy nygtalýar. Çünki, häzirki wagtda dünýäniň wajyp maglumatlarynyň ägirt uly möçberini çaltlyk bilen özleşdirmezden, maglumatlary dessin alyşmazdan ösüşi üpjün etmek mümkin däldir.

Häzirki zaman dünýä ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä internet ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri goýýar. Bu edaralaryň kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, IT meýdançalarynyň döredilmegi okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly sapaklary geçmäge mümkinçilik berýär, olaryň internete elýeterliliginiň üpjün edilmegi bolsa okuwy hem-de hünärmenleri taýýarlamagy halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda guramak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrýan syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sebitlerde hem-de oba ýerlerinde telekommunikasiýa düzümini ösdürmäge aýratyn üns berýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oba milli maksatnamasynyň esasy maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan, onuň abadançylyk üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Sebitleri senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçiliginiň kuwwatlyklaryny artdyrmak, oba ýaşaýjylary üçin täze iş orunlaryny döretmek boýunça görülýän çäreler hem şuňa gönükdirilendir. Bu işleriň çäklerinde “Türkmenaragatnaşyk” agentligi oba ilatynyň, oba hojalyk kärhanalarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de durmuş düzümleriniň döwrebap we ýokary hilli maglumat-telekommunikasiýa hyzmatlaryna, şol sanda telefon aragatnaşygy, maglumatlary bermek, internet ulgamyna elýeterlilik bilen bagly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrýar.

Ýurdumyzy boýdan-başa iň döwrebap optiki-süýümli ulgamlar kesip geçýär. Ýerli telefon nokatlarynyň sanynyň artmagy halkara we şäherara aragatnaşyk ýaýlymlarynyň artmagyna getirdi. Türkmenistanyň çägi boýunça umumy uzynlygy 27 müň kilometre barabar bolan Trans — Aziýa — Ýewropa optiki-süýümli ulgamyň Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli 708 kilometrlik böleginiň geçýändigi möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda esasy optiki-süýümli ulgamlaryň ikisi, ýagny Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Daşoguz — Aşgabat halkalaýyn hem-de Garabogaz — Türkmenbaşy — Aşgabat — Mary — Türkmenabat — Kerki — Ymamnazar ulgamlary hereket edýär. Olar goňşy döwletleriň ulgamlaryna sepleşýär. Olary gurmagyň taslamalary DWDM (Dense Wavelength Division Multipleхing — dykyz tolkunlaýyn multipleksirleme) tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyryldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlarynyň bäşisini özüne birikdirýär, olar Aşgabat — Bajygyran (Eýran), Serhetabat — Hyrat (Owganystan), Ymamnazar — Akina (Owganystan), Türkmenabat — Buhara (Özbegistan) we Garabogaz — Fetisow (Gazagystan) aragatnaşyk ulgamlary bolup durýar.

Şeýle hem Serhetabat — Turgundy (Owganystan) we Kerki — Akina (Owganystan) ugurlary boýunça goşmaça optiki-süýümli halkara birikmesiniň gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki döwletiň aragatnaşyk operatorlary arkaly Türkmenistan — Azerbaýjan Respublikasy ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagy, eýelik etmegi hem-de ulanmagy guramak baradaky ylalaşyga gol çekildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenbaşy hem-de Siýazan şäherlerini birleşdirer we Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda telekommunikasiýa üstaşyr ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda hem-de kämilleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrar.

Ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýylsaýyn ýokarlanýar we şunuň netijesinde ýerasty, öýjükli aragatnaşyk hem-de internet ulgamynyň müşderileriniň sany artýar, ýokary tehnologiýaly optiki-süýümli ulgamlaryň çekilmegi netijesinde aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany ýokarlanýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kommunikasiýalar ulgamynda syýasatyny durmuşa geçirýän, şeýle hem bu ulgamyň işine döwlet gözegçiligini amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.

Ol Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, GSM assosiasiýasynyň, Sanlary we Domen atlary berkitmek boýunça Internet-korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolup, bu guramalar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde maglumatlaryň kiber howplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Onuň işi özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Maslahatda türkmen tarapy bu hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda umumy mejlisde Halkara elektro aragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Haulin Çžao, Aragatnaşyk ulgamynda sebit arkalaşygynyň Baş direktory Nurudin Muhitdinow, Ýewropa telekommunikasiýalar standartlar institutynyň Baş direktory Luis Jorj Romero (ETSI), Elmir Tofig ogly Welizade — Azerbaýjanyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministriniň orunbasary we beýlekiler çykyş etdiler.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly kompýuter ulgamlarynyň jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyna öwrülendigi nygtaldy. Şoňa görä-de, maglumat önümlerini hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary Türkmenistanyň häzirki zaman ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynyň birine öwrülmelidir diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Döwrüň talabyna laýyk gelýän maglumat bazarynyň netijeli işlemegi beýleki pudaklaryň ösüşine, umuman, makroykdysady ýagdaýlara oňyn täsirini ýetirýär. Hut şu ýagdaýlara dogry düşünilmegi Türkmenistany bu möhüm maslahaty geçirmäge höweslendirdi diýip, çykyş edenler kanagatlanma bilen bellediler.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşiniň ýagdaýynyň maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriň jemgyýetiň durmuşyndaky ornunyň artmagy bilen ysnyşykly baglanyşyklydygy bellenildi. Ykdysadyýet özgerýär, has innowasion ýagdaýa eýe bolýar, şu özgerişlikleriň esasynda bolsa ýokary tizlikli, giň zolakly aragatnaşyk we internet ulgamlary durýar. Häzirki wagtda tehnologik täzelikleri nazara almak bilen, yzygiderli kämilleşýän hem-de olary ykdysadyýeti dolandyrmaga ornaşdyrýan ýurtlar bäsdeşlige ukyply döwletler hasaplanylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi diňe bir energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen däl, eýsem, halkara işewür toparlarynyň baha berşi ýaly, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Ýurtda aragatnaşyk ulgamlaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, onuň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle meýilnamalaryň bolmagynyň özi hem daşary ýurtlaryň esasy maýadarlarynyň uly gyzyklanmasyny döretdi.

Şeýle hem daşary ýurtly bilermenleriň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygyna agza ýurtlarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşiniň täze ugurlary baradaky çykyşlary diňlenildi. GDA döwletlerinde 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň geljegine uly üns berildi. Ol tutuş dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly täsir edýär.

Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň çäklerinde ösüşiň geljegi, onuň GDA sebiti üçin bölüminiň işi, Bütindünýä poçta birleşiginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti üçin meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi, Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň sanly bazaryny kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda “Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze ugrudyr”, “Hemra ulgamynyň strategiýalary we öňdebaryjy tejribeler”, “Ýerli we öýjükli telefon aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi”, “Özgerýän, ösýän sanly dünýä giňişliginde kiberhowpsuzlyk” ýaly bölümleriň işi meýilleşdirildi.

Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň ýagdaýy, geljegi barada maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, hemra kommunikasion tehnologiýalary we maksatnamalaýyn önümleriň bazary, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşarlar hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň usullaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitlärler.

Ertir Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel — 2020” atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işini dowam eder.

Altyn Asyr (turkmenistan.gov.tm)