TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY WE HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI YSLAMABAT ŞÄHERINDE GEÇIRILÝÄN SERGI

photo

2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Yslamabat Naqashee Art Galereýasy bilen bilelikde guramagynda Yslamabat şäherindäki Marriott myhmanhanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Art for Neutrality and Peace” atly surat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Pakistan Yslam Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary we diplomatlary, şeýle hem ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini görkezýän, baý taryhyny beýan edýän, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän foto suratlar ýerleşdirildi.

Çäräniň hormatly myhmany Birleşen Milletler Guramasynyň Pakistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Julien Harneis we sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna, Türkmenistana degişli maglumatlary öz içine alýan sergidäki foto suratlara yokary baha berdiler.

Sergi 2020-nji ýylyň 18-nji dekabryna çenli dowam eder. Bu bolsa Pakistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty, baý taryhy, däp- dessurlary we gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Habarlar (neutrality.gov.tm)