LONDONDA TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ONLAÝN MASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň – sebitdäki durnuklylygy we halkara howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň hem-de Halkara Deňiz guramasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, aspirantlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ilçisi çykyş edip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap bitaraplyk derejesine eýe bolmak ugrunda alnyp barylan işler, türkmen bitaraplygynyň taryhy, Türkmenistanyň sebitde we halkara giňişliginde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekdäki ähmiýeti we orny, ýurt tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar barada maslahatyň gatnaşyjylaryna gürrüň berdi.
Soňra maslahatda Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary hem-de aspirantlary çykyş etdiler we Türkmenistany we türkmen halkyny baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy bilen gutladylar. Beýik Britaniýaly wekiller Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň wajyplygyny belläp geçdiler. Sebitleýin howpsuzlygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň ähmiýetli orun eýeleýändigi hem aýratyn nygtaldy.
Onlaýn maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini görkezýän wideorolik oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
https://neutrality.gov.tm/news/145/