ONLAÝN-DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTANYŇ KAZANDAKY SÖWDA ÖÝÜNIŇ IŞINIŇ UGURLARYNA GARALDY

10-njy martda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Türkmensöwda» Döwlet kärhanasynyň wekilleriniň «Торгово-технический дом Татнефть» JÇJ-niň wekilleri bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramow gatnaşdy.
Gepleşikleriň gün tertibine Tatarystanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Söwda öýüni döretmegiň jemleýji tapgyrynyň dürli ugurlarynyň meseleleri girizildi, onuň işi ýurdumyzyň kärhanalarynyň önümlerini Russiýa bazarynda ilerletmäge, milli ykdysdyýetiň eksport mümkinçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly özara gatnaşyklarynyň netijelidigi, ähli ugurlarda ony güýçlenrimek boýunça mümkinçiligiň bardygy bellenildi.