DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän ýurdumyz MASYH Maksatnamasynyň binýatlaýyn ýörelgelerini hem-de onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary dolulygyna goldaýar.
Ýurdumyz 2000-nji ýyldan bäri Aziýanyň Ösüş bankynyň agzasy bolup durýar hem-de şu geçen döwürde bilelikdäki işleriň, şol sanda MASYH-nyň çäklerinde energetika, ulag ýaly ileri tutulýan pudaklarda, söwda ýardam etmek, gümrük meseleleri, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeleri döretmek, adam ösüşi ýaly ugurlarda üstünlikli işlemegiň tejribesi toplanyldy. Bu maksatnama daýanmak bilen, AÖB Türkmenistanyň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşýar.
Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” Maksatnamasynyň esasy ugurlaryna, şonuň ýaly-da köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine uly üns berildi. AÖB tarapyndan bu resminamada durmuşa geçirmek üçin bellenilen geljegi uly wezipeleriň milli ösüş meýilnamalary hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) bilen sazlaşýandygy nygtaldy.
Häzirki döwürde syýahatçylyk we awiasiýa ulgamlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrmakda, daşary ýurtlar bilen bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde olara möhüm orun degişlidir.
Şu maksatnamanyň çäklerinde göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, ykdysadyýetiň iri pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri maýa goýumlary çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak üçin döwletara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilendir.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar (turkmenistan.gov.tm)