TBILISIDE ÝERLEŞÝÄN DIPLOMATIK WEKILHANALARYŇ WE GRUZIÝANYŇ JEMGYÝETÇILINIŇ WEKILLERI TÜRKMENISTANYŇ GAZANANLARY BILEN TANYŞDYLAR

photo

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygna hem-de 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edimegine bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirdi.

Çärä Tbiliside ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň, şeýle hem ylym jemgyýetçiliginiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň döredijilikli we oňyn häsiýetlidigine şaýatlyk edýändigi aýratyn nygtaldy. Türkmen Lideriniň başlangyjy halkara gatnaşyklaryny oňyn ugra, özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklar medeniýetini ornaşdyrmaga dolanmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň başyny başlandygy bellenildi.

Maslahata gatnaşanlara Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda gazanan uly möçberli üstünlikleri barada giňişleýin düşünje berýän wideoşekiller görkezildi.

Tbiliside ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we Gruziýanyň jemgyýetçiliniň wekilleri Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdylar (turkmenistan.gov.tm)