TÜRKMENISTAN RUSSIÝANYŇ ULÝANOWSK OBLASTY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR

Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramow Ulýanowsk oblastyna iş sapary bilen bardy, ol bu ýerde oblastyň gubernatory Sergeý Morozow, şeýle hem  I.N. Ulýanow adyndaky Ulýanowsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň (UlDMU) rektory Igor Petrişşew bilen gepleşikler geçirdi.

Oblastyň gubernatory bilen duşuşygyň barşynda RF-iň şu sebiti bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryna garaldy. Hususan-da, Hazarda bilelikdäki ykdysady we söwda-logistik taslamalary durmuşa geçirmekde Wolga-Kama töwereginiň subýektleriniň ähmiýetli orun tutýandygy bellenildi. Ugurdaş sergileri, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň onlaýn-duşuşyklaryny geçirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Şunuň bilen baglylykda Russiýanyň iri sebitleri we subýektleri bilen ýola goýlan  netijeli ykdysady, işewürlik we medeni gatnaşyklaryň depginli häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Baş konsul A. Baýramowyň UlDMU-nda bolmagynyň barşynda Türkmenistanyň we FR-iň Ulýanowsk oblastynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem Ulýanowskiniň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda türkmen sport we folklor toparlaryny döretmek mümkinçiligine garadylar. Mundan başga-da, UlDMU-nyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň raýatlary üçin Ulýanowsk oblastynyň ýokary okuw mekdeplerinde býujet orunlaryny  artdyrmak teklip edildi. Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy UlDMU-nyň uçurymlary Watana dolanyp gelende olary işe ýerleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam eder.

Ýokary okuw mekdebine baryp görmeginiň çäklerinde Baş konsul Atadurdy Baýramow RF-iň şu sebitinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblasty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär (turkmenistan.gov.tm)