BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-TÜRK ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşininiň üçünji mejlisi geçirildi.     

Wekiliýetlere Türkmenistanyň Bilim ministri Orazgeldi Gurbanow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri jenap Ziýa Selçuk ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda medeniýet, bilim ulgamlarynda türkmen-türk özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar ähmiýetli mümkinçilikleriň bar bolan bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen we türk ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk oňyn ýola goýlandyr. Orta we ýöriteleşdirilen mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen, taraplar mundan beýläk-de bilelikdäki duşuşyklara we seminarlara işjeň gatnaşmak, şol sanda häzirki zaman okuw meýilnamalarynyň işlenilip düzülmegi we okatmagyň döwrebap usullarynyň öwrenilmegi ugrunda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak babatynda ylalaşdylar.

Bilim ulgamynda türkmen-türk özara hereketleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy (mfa.gov.tm)