ASTRAHANDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝULDY

Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsullygy Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) goldamagynda beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şäheriň gözel ýerleriniň birinde gurlan ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady.
Çärä Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A. G. Aýdin, AGU-nyň prorektory A.W.Titow, “Priwolžýe raýony” munisipial bilim edarasynyň başlygynyň orunbasary N.S.Malyşew, Astrahanyň türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça “Türkmenistan” sebit jemgyýetçilik guramasynyň geňeşiniň başlygy F. R. Kadyrowa, şeýle hem şol ýerde ýaşaýan türkmenler, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Dabaraly ýagdaýda gül desseleri goýulmazyndan öňünçä türkmenistanly talyplar filosof şahyr we döwrüniň pähimdary Magtymguly Pyragynyň meşhur goşgylaryny labyzly okadylar. Soňra çärä gatnaşanlaryň ählisi Pyragynyň ýadygärliginiň paýasyna gül goýdular we ýadygärlik üçin surata düşdüler.
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy (turkmenistan.gov.tm)