TÜRKMEN TALYPLARY KAZANDA GEÇIRILEN SPARTAKIADADA BAÝRAKLY ÝERI EÝELEDILER

photo

Kazanda (Russiýa Federasiýasy) Tatarystan Respublikasyndaky daşary ýurtly talyplar üçin “Halklaryň dostlugy – 2021” atly spartakiada geçirildi. Ol sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary öz içine aldy. Bu barada Türkmenistanyň Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.

Düzüminde Kazan ýokary okuw jaýlarynyň talyplary: Öweznyýaz Taňryberdiýew, Begenç Allaberdiýew, Meýlis Ýazyýew, Çary Saparow, Baýram Durdyýew, Döwran Babaýew we Resul Hemraýew dagylardan ybarat woleýbol topary ýarym finala çykyp, hormatly 3-nji ýeri eýeledi.

Talyp woleýbol toparynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilýän dürli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, hemişe baýrakly ýerleri eýeleýändigini belläliň.

Türkmen paýtagtynyň ýaş toýy bellenýän günde bu topar özüni “Aşgabat – 140” diýip atlandyrmagyň kararyna geldi.

Türkmen talyplary Kazanda geçirilen spartakiadada baýrakly ýeri eýelediler (turkmenistan.gov.tm)