RUMYNIÝANYŇ PAÝTAGTYNDA TÜRKMEN HALY SENEDINE BAGYŞLANAN SERGI AÇYLDY

Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasy Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýi bilen bilelikde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we ýurdumyzda maýyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan medeni çäre geçirdi.
Çärä Runyniýanyň DIM-iň, diplomatik toparlaryň, jemgyýetçiligiň we ylmy toparlaryň wekilleri, şeýle hem Buharestde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Myhmanlaryň öňünde Rumyn daýhançylygynyň Milli muzeýiniň baş direktory Wirjiu-Stefan Nitulesku, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň kätibiniň orunbasary Kostel-Kristian Lazar dagy çykyş etdiler. Olar iki halkyň medeniýetiniň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini bellemek bilen, türkmen haly senediniň taryhy, dünýä medeniýetindäki eýeleýän orny barada gyzykly gürrüň berdiler.
Bu çykyşlarda türkmen haly sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi-de nygtaldy.
Çäräniň umumy bölümi tamamlanandan soňra, türkmen haly senediniň taryhy we däpleri barada wideorolikler görkezildi.
Rumyn daýhançylygynyň zallarynyň birinde bu tema boýunça ýörite sergi açyldy. Ol türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserlerinden, biziň ýurdumyzyň däp-dessurlaryny, taryhyny, medeniýetini we tebigatyny beýan edýän fotosuratlardan, şeýle hem kitap önümlerinden we ýadygärlik üçin taýýarlanýan sowgatlyklardan ybarat boldy. Sergä gelen myhmanlar elde dokalan özboluşly türkmen halylary we halyçalar, milli geýimleriň we nagyşlaryň nusgalary, halk saz gurallary, şeýle hem türkmen halkynyň milli tagamlarynyň bişirilişiniň usullary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Rumyniýanyň paýtagtynda türkmen haly senedine bagyşlanan sergi açyldy (turkmenistan.gov.tm)