TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI PETERBURG HALKARA YKDYSADY FORUMY 2021-E GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 3-4-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy.

Saparyň esasy maksady 24-nji Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşmakdan ybarat. Halkara möçberli bu hökümet çäre dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we dünýäniň öňdebaryjy telekeçilerini bir ýere jemledi.

Forumyň tematiki mejlisinde çykyş etmek bilen, S.G.Berdimuhamedow gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin köpmeýilli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen tarapyndan başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň Rus tarapyndan başlygy A.L.Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň we onuň usullarynyň ähmiýeti nygtaldy. Ulag, energiýa, senagat, sanlylaşdyrmak, saglygy goraýyş, maliýe we beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda dolanyşygyň möçberiniň durnukly ösüşi bellenildi.

Şeýle-de S.G.Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburgyň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen giň gerim boýunça hyzmatdaşlygynyň netijeliligini beýan etdiler. Türkmen wekiliýetiniň baştutany S.G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň işjeň gatnaşýan Peterburg Halkara ykdysady forumynyň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýurtda amatly maýa goýum şertlerini döretmäge ygrarlydygy nygtalyp geçildi hem-de onuň ösýän ulag-logistika infrastrukturasynyň mümkinçilikleri şöhlelendirildi. Türkmenistany Sankt-Peterburg bilen dostluk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklaryň baglaşdyrýandygy bellenildi.

Şeýle-de forumyň çäklerinde S.G.Berdimuhamedow «Объединенная судостроительная корпорация» (Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy) paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory A.L.Rahmanow bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň barşynda özüniň ulag ulgamyny dünýäniň ulag toruna birleşdirmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi nygtaldy. Häzirki zaman deňiz söwda flotyny döretmek bilen bir hatarda, Türkmenistan deňiz we derýa ulaglary ulgamyny kämilleşdirmäge ymtylýar. Şu nukdaýnazardan, agzalan ugurda baý iş tejribä eýe bolan “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça türkmen tarapynyň gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Şeýle-de türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň birnäçe rus korporasiýalary, maliýe we bank edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumy 2021-e gatnaşdy (mfa.gov.tm)