TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly pikir alyşdylar. Bilim we medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi.  

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar (mfa.gov.tm)