TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele ýurduň günbatarynda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary we şikes ýetmeler, uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi (turkmenistan.gov.tm)