TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MEDENI HYZMATLARYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNY DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK HAKYNDAKY DÜZGÜNNAMANY TASSYKLADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpasyrlyk milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň özboluşlylygyny, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, aýdymçylar, sazandalar, tansçylar, alyp baryjylar, şeýle hem beýleki sungat işgärleri we döredijilik toparlary tarapyndan Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hem-de bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen, şeýle hem «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.