BALKAN KÄN MÜDIRLIGINE «TÜRKMEN KAOLIN» AGPJ-NI DÖRETMÄGE ESASLANDYRYJY HÖKMÜNDE GATNAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine – esaslyk maýadaky paýy 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Balkan kän müdirligine «Türkmen kaolin» AGPJ-ni döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar berildi (turkmenistan.gov.tm)