DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ MERKEZI EDARASYNYŇ GURLUŞY TASSYKLANYLDY

«Diplomatik gulluk hakynda» we «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň sanawy, şeýle hem daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny saklamak üçin çykdajylaryň sanawy tassyklanyldy.
Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)