SAHNA ÇYKMAK ARZUWY AMALA AŞÝAR

«Tomus gijesindäki asudalyk» atly konsert «Türkmenistan» kinokonsert zalynda geçirildi. Ýöriteleşdirilen sahnada meşhur aýdymçy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeni Altyn asyry» bäsleşiginiň baýragynyň eýesi Bahar Durdyýewanyň ýolbaşçylygy astyndaky wokal bilen gyzyklanýan ýaşlardan ybarat höwesjeňlerdi.
Konsert programmasyny «AStudio» -nyň repertuaryndan Selbi Haýdarowa ýüzugra mylaýym hem ýakymly owaz beren meşhur «TY i Ýa» hiti bilen açdy. Selbi Haýdarowa sazçylyk mekdebiniň skripka synpyny tamamlanam bolsa, aýdym aýtmak islegi sazdan ýokary bolup çykdy. Zalyň agzybir elçarpyşmalaryna eýe bolan ol, sahnada juda maýyl ediji we uly höwes bilen özüni alyp bardy.
Marta Gires, Jeýhun Gurbangylyýew, Aleksandr Kuwarzin hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Oglanlar söýgi, parahatçylyk, dostluk hakyndaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olar aýdymlary buýsanç bilen ýerine ýetirdiler.
Höwesjeňleriň her bir çykyşlary Alina Gostýewanyň ýolbaşçylyk edýän «Dekrail» tanysçylar toparynyň tanslary bilen utgaşdyryldy.
Konsert programmasynda tansçy Jeýhun Aga-Tagyýewiň çykyşy juda gyzykly boldy. Maryly ýigdekçäniň geň galdyryjy çeýeligi diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da meşhurlyk gazanmagyna ýardam etdi. Öz meşhur ýigdekçelerini tomaşaçylar agzybirlik bilen elçarpyp garşyladylar, ol hem öz gezeginde tanslary bilen janköýerlerini özüne çekdi.
Aýratyn-da ýokary ýaşly diňleýjilerinde Aleksandr Koçetkowyň «С любимыми не расставайтесь» atly durmuşy goşgusyna iki aýdymçynyň, Wiktoriýa Strelsowa bilen Aleksandr Kuwarziniň ýerine ýetiren aýdymy howsala döretdi. Wiktoriýa Strelsowa hünäri boýunça horeograf, Aleksandr Kuwarzin — kompýuteriçi, ýöne aýdyma bolan höwes olary Bahar Durdyýewanyň huzuryna getirdi. Ikiligiň çykyşy hiç haçan aýrylyşyp bolmajak söýgüli sena ýaly bolup ýaňlandy.
— Meň çagalykdaky arzuwym şu günki gün ahyry amala aşýar — diýip, Aleksandr ýüregini açýar. — Men abraýly sahnada, diňleýjileriň uly mähellesiniň öňünde aýdym aýtmagy arzuwlaýardym. Durmuşymda ýatdan çykmajak bu güni, dogrusyndan gelsek, maňa we meň dostlaryma Bahar Durdyýewa sowgat berdi.
Bu aýdymçy toparyň ýüze çykyşy hakynda Bahar Durdyýewa şeýle gürrüň berýär:
— Bu oglanlaryň birnäçesi wokalda meň bilen birnäçe ýyldan bäri meşgul bolýarlar, beýlekileri — ýaňy ýakyndan bäri. Konserti öz güýjümiz bilen geçirmek pikiri Jeýhun Gurbangulyýewe degişli. Konserti gurnamakda režissýor Oksana Bagramowa uly kömek berdi. Bu konsert wokal toparynyň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirji hökmünde, meň üçin hem edil çagalar ýaly birinji çykyşym boldy. Şoňa görä-dä konserte gatnaşyjylaryň hemmesi bilen birlikde menem jemleýji aýdym bolan «Стена» diýen aýdymy ýerine ýetirmegim käbir halatda şahyrana bolup ýaňlanýar — meň öňümde päsgelçilik döredýän aýdymlary men diňe öz şägirtlerim boilen ýeňip bilerin.
Tamara Glazunowa