ZENAN TÜRGENI POLINA GURÝEWANYŇ ÜSTÜNLIGINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Tokioda geçirilen XXXII tomusky, Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, olimpiýa oýunlarynyň medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewanyň üstünligine bagyşlanan, «Halkara sport äleminde Arkadagdan arkaly, giň dünýäde sarpaly ýurdumyzyň zenan türgenleriniň orny» atly maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guralan bu çäre ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi.
Maslahatda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň, ozaly bilen bolsa ýaş nesliň saglygynyň berkidilmegini ilkinji derejeli döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde yglan etmek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sport hereketiniň ösdürilmegine guramaçylykly hem-de maksada okgunly uzak möhletleýin milli maksatnama derejesini berendigini bellediler.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary hem-de yzygiderli goldawy netijesinde türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda ajaýyp netijeleri gazanýarlar, munuň özi olaryň iň abraýly sport bäsleşiklerine, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna hem taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara sport giňişliginde öňe sürülýän sport durmuşyna gatnaşyjylaryň deňhukuklylygyny berkitmek boýunça «Adalatly oýun», şeýle hem sportda gender deňligini pugtalandyrmak ugrundaky «Sportda zenanlaryň orny» atly şygar astynda durmuşa geçirilýän başlangyçlar iş ýüzünde öz beýanyny tapýar. Bu günki gün türkmen zenan türgenleri dünýä derejesindäki halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýarlar.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda geçmiş bilen şu günüň özboluşly hakyda ýumagyny çöşleýän taryhy hakykatlaryň türkmen zenanynyň tebigy dogumlulygy, wepalylygy, mertligi barada söhbet etmäge itergi berýändigi, bu gün hem dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, türkmen sportunyň ösmeginde zenan türgenlerimiziň hyzmatynyň bolmagy, olaryň uly ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaklary ýaly ähmiýetli wakalary ýurdumyzyň taryhynyň sahypalaryna ýazýandygy barada aýdyldy.
Çärede Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli sport ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň netijesinde öz üstünlükleri bilen Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has hem belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşandy hem-de Tokioda geçirilen XXXII tomusky, Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, baýrakly ikinji orna, ýagny Olimpiýa oýunlarynda kümüş medalynyň eýesi bolanlygy üçin, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Polina Gurýewa «Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormatly agzasy» diýen hormatly at dakyldy hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Mähri Ýagmyrowa
Zenan türgeni Polina Gurýewanyň üstünligine bagyşlanan maslahat geçirildi (turkmenistan.gov.tm)