WISE-PREMÝERLER JOGAPKÄR EDILIP BELLENILDILER

photo

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Balkan welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Mary welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywalyýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

Wise-premýerler jogapkär edilip bellenildiler (turkmenistan.gov.tm)