10-NJY SENTÝABRDA VI HAZAR MEDIAFORUMY GEÇER

Şu ýylyň 10-njy sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) VI Hazar mediaforumy geçer. Geçen bäş ýylyň dowamynda Hazar mediaforumy möhüm maglumat, diplomatik we ykdysady meseleleri çözmek üçin halkara meýdança öwrüldi.
Ol tejribe alyşmak, sebit we halkara žurnalistikasynyň täze ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Hazar sebiti ýurtlary üçin bir bitewi maglumat meýdanyny döretmek üçin özboluşly meýdançadyr.
Bu ýyl forumyň mowzugy syýahatçylyk we etnik medeni aragatnaşyklardyr. Foruma federal ministrlikleriň we müdirlikleriň, Russiýa Federasiýasynyň birnäçe subýektleriniň ýolbaşçylary, alymlar we syýasaty öwrenijiler, şeýle hem jemgyýetçilik we ýaşlar guramalarynyň wekilleri, Hazar sebiti ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyrylypdyr. Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileriniň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, türkmenistanlylar onlaýn režiminde işlärler.
Forumyň çäginde umumy mejlis bilen birlikde dürli wajyp maglumat meselelerini çözmek üçin, çekişme mejlisleri-de geçiriler. Şeýle hem "Serhetsiz Hazar" atly iň oňat galamgärlik işi ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler.
Mediaforumynyň işi barada iň täze maglumatlary bilmek, mediahanany gözden geçirmek, şeýle hem maksatnamasy bilen tanyşmak üçin onuň "Media-caspy.astrobl.ru" resmi saýtynda doly mümkinçilik döredilendir.
Aýjahan Ataballyýewa
10-njy sentýabrda VI Hazar mediaforumy geçer (turkmenistan.gov.tm)