TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANLY WAKALARA TAÝÝARLYK GÖRMEK BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

yllygyny baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilen çäreleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, öňde boljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze şäherleriň, obalaryň, şäherçeleriň gurulýandygyny we abadanlaşdyrylýandygyny hem-de bu işleriň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, depginli dowam etdirilmelidigini belledi.
Ulanylmaga tabşyrylan desgalar halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde paýtagtymyzyň gözelligini hem has-da artdyrýar. Bu bolsa dünýä derejesinde ykrar edilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Geçirýän giň gerimli işlerimiziň netijesinde, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabat geljekde has-da gözelleşer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda şanly dabaralaryň çäklerinde şu ýyl ulanylmaga tabşyrylýan desgalaryň ähmiýetini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň ýokary hil derejesine hem-de bellenen möhletinde, bildirilýän talaplara laýyklykda ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp hem-de oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli paýtagtymyz berkarar döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini aýdyň görkezýän şäherdir. Jemgyýetimiziň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň, aň-bilim kuwwatynyň derejesini beýan edýän merkezdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilmegi baradaky meselä degip geçip, bu şöhratly senäniň türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz baş baýramçylygymyza gabatlanylyp, göz öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hem-de belent sepgitlere ýetmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi