img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN TALYPLARY AŇ-PAÝHAS BÄSLEŞIGINE GATNAŞDYLAR

photo

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmensitandaky wekilýeti türkmen talyplary üçin onlaýn-bäsleşik gurady. Intellektual bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Mili dünýä dilleri institutynyň talyplar toparlary gatnaşdylar.

Oňa gatnaşanlaryň bilimine hatarynda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing, Fransiýa Respublikasynyň ilçisi hanym Izabel Ginel we ÝB-niň Türkmensitandaky wekilhanasynyň işgärleri bolan emin agzalary baha berdiler.

«Biz ýaşlary oňyn özgertmelri ilerlediji güýç hasaplaýarys. Şonuň üçinem ÝB-niň Türkmensitandaky wekilýeti Türkmenistanyň geljekki hünärine ökde ýaş nesliniň bilimlerini we Ýewropa Bileleşigi, onuň wezipesi, medeni mirasy, syýaasy we ykdysady esasy, şeýle hem biziň Türkmenistanda alyp barýan işimiz barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýär» -diýip ÝB-niň Türkmensitandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Renata Wrobel aýtdy.

5 tapgyrda geçirilen bäsleşikde talyplar Ýewropa Bileleşiginiň döreýşi, oňa agza döwletler, ykdysadyýeti, taryhy, adam hukuklary we gender deňligi barada sowallara işjeň jogap berdiler. Netijede Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy, ikinji orny - Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň topary eýeledi.

Aýjahan Ataballyýewa

Türkmen talyplary aň-paýhas bäsleşigine gatnaşdylar (turkmenistan.gov.tm)