BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ILÇIHANASY «EXPO-2020» SERGISINIŇ WIDEOTANYŞDYRYLYŞYNY GURADY

photo

15-nji sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy 1-nji oktýabrda Dubaýda «EXPO-2020» sergisiniň dabaraly açylyşyna bagyşlanan onlaýn-webinar gurady.

Sergi «Akyllary birleşdirip, geljegi döredip» temasyna bagyşlanar. Şeýle hem sergide mümkinçilikler, ykjamlyk we durnuklylyk ýaly hersiniň öz pawilýony bolan üç ugurda bolar.

Türkmenistanyň DIM-niň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň işgärleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem-de žurnalistler webinara gatnaşmaga çakylyk aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ahmed Al-Haý Al-Hameli wirtual gezelenjiň öň ýanynda çärä gatnaşanlara gutlag bilen ýüzlendi.

Diplomat öz gutlagynda duşuşyga gatnaşanlara hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň ilatyny Garaşsyzlygyň ýetip gelýän 30 ýyllyk baýramy bilen gutlady.

Şeýle hem ilçi «EXPO - 2020» sergisine dünýä ýurtlarynyň 190-syndan gowragynyň wekilleriniň gatnaşjakdygyny belledi we ýurdumyzyň telekeçileriniň sergiden soň beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen ykdysady gatnaşyklary artdyryp biljekdigine ynam bildirdi.

Tanyşdyrylyş maslahatyna gatnaşanlara pawilýonlary görmäge mümkinçilik berdi, olar barada sergä gelenleriň «geljegiň şäherine» düşjekdigini ynamly aýtsa bolar.

Türkmenistanyň pawiýony serginiň «Ykjamlyk» ugry boýunça sebitinde ýerleşer. 9-njy oktýabr güni «EXPO-2020» sergisinde ýurdumyzyň güni bolar.

Tanyşdyrylyşdan soň çärä gatnaşanlar webinaryň guramaçylaryna we ilçiniň hut özüne ajaýyp duşuşyk üçin hoşallyk bildirdiler.

Roman Teplýakow

Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasy «EXPO-2020» sergisiniň wideotanyşdyrylyşyny gurady (turkmenistan.gov.tm)