img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

«PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK SYÝASATY—HALKARA HOWPSUZLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY HALKARA MASLAHATYNY ÝOKARY DEREJEDE GEÇIRMEK BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK TOPARY DÖREDILDI

photo

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli halkara maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini amala aşyrmagy üpjün etmek tabşyryldy.

«Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty—halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi (turkmenistan.gov.tm)